Türkmenistan bilen Ýaponiýa resmileriniň arasynda gepleşikler
Türkmenler we Ýaponiýanyň resmileri wideo konferensiýada iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegini nygtadylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Tadaşi Maida iki ýurduň arasynda söwda, ykdysady, ulag we oba hojalygy hyzmatdaşlygyny nädip giňeltmelidigini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Ýaponiýanyň Aşgabadyň gaz we nebithimiýa toplumy taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşandygyny öwüp gadyrdanlygyny bildirdi.
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Tadaşi Maida hem ýurdunyň Türkmenistanda maýa goýumlaryny dowam etjekdigini yglan etdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow ýakynda Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Ýamamoto Hiroýuki bilen duşuşdy we iki ýurduň arasynda abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäginde uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy.