Türkmenistan Orsýetiň krona sanjymyny tassyklady
Türkmenistan Orsýetiň korona garşy sanjymyny tassyklan ilkinji Merkezi Aziýa döwletidir.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligi Orsýetiň Sputnik-5 atly koronawirusa garşy sanjymyny tassyklady.
Orsýetiň göni maýa goýum gaznasynyň başlygy Kril Dimitrow sanjymyň gowy täsirlidigine yşarat edip Waksina dünýäniň dürli künjeklerinde düzgünleşdiriji guramalar tarapyndan tassyklanan koronawirusa garşy göreşde dünýäde öňdebaryjy dermanlaryň biridir diýdi.
Sputnik-5 sanjymy , Gamaleýa milli epidemiologiýa we mikrobiologiýa merkezi bilen Orsýetiň göni maýa goýum gaznasy bilen bilelikde işlenip öndürildi.
Bu sanjymyň möhüm artykmaçlyklary, howpsuzlygy we netijeliligi we uzak möhletli ýaramaz netijeleriň bolmazlygydyr.
Derňewiň netijelerine görä, bu sanjymyň täsiri 91,4% Agyr ýagdaýlarda bolsa 100% görkezilýär.