Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda logistika hyzmatdaşlygy barada özara düşünişmek ylalaşygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i9922-türkmenistan_bilen_gazagystanyň_arasynda_logistika_hyzmatdaşlygy_barada_özara_düşünişmek_ylalaşygy
Türkmenistan halkara transport ugurlaryny giňeltmek üçin Gazagystan bilen özara düşünişmek memorandumyna gol çekdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 23, 2021 18:33 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda logistika hyzmatdaşlygy barada özara düşünişmek ylalaşygy

Türkmenistan halkara transport ugurlaryny giňeltmek üçin Gazagystan bilen özara düşünişmek memorandumyna gol çekdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, 2020-nji ýylyň tomsunda döredilen Türkmenistan Logistika şereketi Gazagystanyň Işçiler Birleşigi (KAZLOGISTICS) bilen halkara transport ýollaryny giňeltmek üçin özara düşünişmek şertnamasyna gol çekdi.

Bu memorandum peýdaly çözgütleri döretmek we halkara guramalary we maliýe guramalary tarapyndan maýa goýumlaryny höweslendirmek maksady bilen bilelikdäki taslamalary işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Ondan öň Türkmenistan Owganystanda iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini, şeýle-de goňşy ýurtlar bilen has ýakyn aragatnaşyk gurmak üçin Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan demir ýolunyň gurulmagyny gün tertibine girizipdi.