Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i9982-türkmenistan_bilen_belarusyň_arasynda_ikitaraplaýyn_hyzmatdaşlyk_resminamasyna_gol_çekildi
Türkmenistanyň we Belarusyň daşary işler ministrleri wideo baglanyşykda ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 27, 2021 11:37 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi

Türkmenistanyň we Belarusyň daşary işler ministrleri wideo baglanyşykda ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredaw we Belarusyň Daşary işler ministri Wladimir Maki, BMG, Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy ýaly halkara guramalarynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrmak üçin giňişleýin resminama gol çekdiler.

Iki tarap, şeýle hem, iki ýurduň bazarlarynda türkmen we belarus harytlarynyň eksportynyň gerimini artdyrmak we giňeltmek maksady bilen iki ýurduň söwda palatasynyň roluna garadylar.

Türkmenistanyň we Belarusyň resmileri iki ýurduň direktorlarynyň we ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň yzygiderli ýygnaklaryny geçirmek barada ylalaşdylar.