-
Türkmenistanyň ministrler kabinetinde TOPH gaz geçiriji proýekti barlanyldy
Jun 01, 2020 16:57Türkmenistanyň döwlet toparynyň ýygnagynda Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.
-
RF-yň Astrahan oblasty bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
May 31, 2020 15:542020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Ýu.Babuşkiniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi.
-
Sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi
May 31, 2020 15:502020-nji ýylyň 29-njy maýynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
-
Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
May 29, 2020 13:192020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşyk geçirdi.
-
Türkmenistan bilen Owganystanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar
May 28, 2020 12:04Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleri telefon arkaly ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
-
Gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işlerini dolandyrmakda ulanylýan lukmançylyk başarnyklarynyň öwredilmegi boýunça ÝHHG-nyň okuw maslahaty
May 19, 2020 18:302020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işlerini dolandyrmakda ulanylýan lukmançylyk başarnyklarynyň öwredilmegi boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahaty öz işine başlady. Bu seminar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi we BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde guraldy.
-
Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň we FAO-nyň duşuşygy geçirildi
May 19, 2020 18:232020-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
-
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmagyň ýolunda
May 17, 2020 08:572020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi.
-
Türkmenistan we BAE özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
May 13, 2020 14:072020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi.
-
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
May 13, 2020 14:02Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.