Türkmenistan
  • Türkmenistanyň DIM-de Katar Döwletiniň wekiliýeti bilen duşuşuk geçirildi

    Türkmenistanyň DIM-de Katar Döwletiniň wekiliýeti bilen duşuşuk geçirildi

    May 10, 2019 09:44

    2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen biziň ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser Al Taniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşuk geçirildi.

  • Aşgabatda BMG-niň Iýmit we oba hojalyk guramasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

    Aşgabatda BMG-niň Iýmit we oba hojalyk guramasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

    May 10, 2019 09:39

    2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň Iýmit we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşyk geçirildi.

  • Aşgabatda Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

    Aşgabatda Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

    May 10, 2019 09:36

    2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň (CAREC) ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow bilen duşuşyk geçirildi.

  • Bakuda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

    Bakuda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

    May 10, 2019 09:27

    2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi.

  • Türkmenistanyň DIM-de türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

    Türkmenistanyň DIM-de türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

    May 03, 2019 12:42

    2019-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Orta Aziýa işleri boýunça edarasynyň Orta Aziýa işleri boýunça müdirliginiň direktory Mark Mudi ýolbaşçylyk etdi.

  • Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

    Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

    Apr 28, 2019 05:26

    2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

  • Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

    Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

    Apr 19, 2019 15:59

    2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

  • Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Balkan welaýatyna bardy

    Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Balkan welaýatyna bardy

    Apr 19, 2019 15:51

    2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soňra dabaraly çäre mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen kenarýaka şäheriniň howa menzlinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň howa gämisi gondy. Belent mertebeli myhmana ýokary derejede hezzet-hormat edildi.

  • Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ýokary ösüş depginine eýe boljakdygyny çaklaýar

    Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ýokary ösüş depginine eýe boljakdygyny çaklaýar

    Apr 13, 2019 13:26

    Şu ýylyň 26-njy martyndan 9-njy apreline çenli makroykdysady ösüşe we maliýe ýagdaýlaryna baha bermek üçin hem-de Türkmenistanyň yk-dysady syýasatyny, şeýle hem ählumumy ykdysady wehimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hanym Natali Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň topary Aşgabatda boldy.