-
Türkmenistan we Rumyniýa Aşgabatda syýasy geňeşmeleri geçirdiler
Jul 03, 2018 06:132018-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Rumyn tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministri Teodor Meleşkanu ýolbaşçylyk etdi.
-
Türkmenistanyň wekiliýeti durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşar
Jul 03, 2018 06:092018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hasabat bilen çykyş edip, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu forum şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriler.
-
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Jun 30, 2018 06:26düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
-
BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Bilelikdäki beýannamany kabul etdi
Jun 28, 2018 05:362018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa ş. geçirilýän 28-nji sessiýasynda medeni hukuklara ählumumy hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek hakynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdi.
-
Türkmenistan we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy geljekgi hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Jun 24, 2018 08:042018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary üçin Sebitleýin edarasynyň direktorynyň orunbasary Rastislaw Wrbenski bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
-
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Jun 24, 2018 07:582018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherinde Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kuniýo Mukuriýa bilen duşuşdy.
-
Brýusselde «ÝB - Türkmenistan» adam hukuklary boýunça dialogy geçirildi
Jun 24, 2018 07:542018-nji ýylyň 21-nji iýunynda Brýusselde «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky onunjy mejlisi geçirildi.
-
Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy
Jun 18, 2018 06:042018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy.
-
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat
Jun 06, 2018 08:15Türkmnistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady.
-
Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady
May 27, 2018 08:412018-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär.