Kosmos Tehnologiýalary-Türkmenistanyň Ösüşiniň Ileri Tutulýan Ugry
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynda geçiren Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda ýurduň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öňdebaryjy kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmagy has-da giňeltmegi ýakyn döwür üçin esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany çözgüdi boýunça 2018 -nji ýyllarda Türkmenistanyň kosmos ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat möçberinde maýa goýumlary gönükdiriler.
Bu serişdelere ýeri aralykdan zondlaşdyrmak üçin niýetlenen nobatdaky emele hemrany gurmak hem-de älem giňişligine çykarmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bu pudagyň ýerüsti düzümini, işgärleri taýýarlamagy, bu ugurda ylmy işleri artdyrmak wezipesi durýar.
2011-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentliginiň döredilmegi hem-de 2015-nji ýylda kommunikasiýalary ösdürmäge ýardam edýän “Türkmen Älem 52oE” hemrasynyň ýeriň golaýyndaky orbita çykarylmagy Türkmenistanda kosmos tehnologiýalary eýýamynyň başlanmagyny alamatlandyrdy. Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşen kosmodromdan kosmos enjamynyň Falcon-9 göteriji raketada üstünlikli uçurylmagy örän uly ähmiýetli waka bolup, ol Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Bu waka bu ýurt üçin diňe tehnologik taýdan öňe gidişlik bolmak bilen çäklenmän, eýsem ideologik we syýasy taýdan möhüm waka öwrüldi. Türkmenistan beýik maksatlary we hoşniýetli hyýallary bilen älem giňişligine çykdy. Türkmenistanyň döwleti kosmos tutuş adamzat üçin parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňişligine öwrülmelidir diýen ýörelgeden ugur alýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow bu waka mynasybetli eden çykyşynda belledi.
Hemra aragatnaşygyny ýola goýmak, kosmos giňişligini öwrenmek bilen bagly ylmy barlaglary geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden emeli hemrany dolandyrmak boýunça wezipeler Milli kosmos agentliginiň üstüne ýüklenildi. MKA-da habar berişleri ýaly, häzirki wagtda hemra bellenilen geostasionar orbitada ýerleşip, milli teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişini üpjün edýär. Agentligiň işgärleri onuň hereketine gözegçilik edýärler hem-de ýerüsti enjamyna hyzmat edýärler.
Transponderleriň ýokary geçirijilik ukyby “Türkmen Älem 52oE” hemrasyna teleýaýlymlaryň onlarçasyny, standart, şeýle hem ýokary mümkinçilikli ýaýlymlary alyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Onuň peýdaly agramy kommunikasiýa hyzmatlaryny hödürlemek üçin niýetlenen döwrebap enjamlary öz içine alýar. Häzir “BSS” hemra ýaýlymy Türkmenistanyň teleradioýaýlymlaryny alyp görkezýär. Dürli döwletleriň kompaniýalary bilen telewizion signaly geçirýän ýaýlymy peýdalanmak barada şertnamalar baglaşyldy. Ýurduň ministrlikleri we edaralary milli hemranyň hyzmatlaryndan üstünlikli peýdalanýarlar. “Türkmen hemrasy” paýdarlar jemgyýeti hemra aragatnaşygynyň hyzmatlaryny ýurduň nebitgaz pudagynda işleýän iri daşary ýurt kompaniýalaryna hödürleýär.
Onlarça müň kilometr belentlikde Ýeriň daşyndan aýlanýan “Türkmen Älem 52oE” hemrasy Garagum çölünde ýerleşen alym şäherçeleri hem aragatnaşyk bilen üpjün etdi. Mysal üçin, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Kirpili obasynyň hem-de Balkan welaýatynyň Oýlyguşlyk obasynyň ýaşaýjylaryny görkezmek bolar. Olar milli hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryndan hem-de internetden gije-gündiziň dowamynda peýdalanmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, esasy halkara guramalary bilen ylmy, tehnologik hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkidilmegi Türkmenistanyň kosmos tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyna ýardam edýär. Uzak Gündogar, Aziýa-Ýuwaş umman sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň iri ylym-bilim merkezleri bilen özara gatnaşyklar täze derejelere çykýar. Türkmenistanyň BMG-niň 2017—2020-nji ýyllar üçin ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça toparyna saýlanylmagy bolsa bu ýurdy kuwwatly döwlete öwrülip, durmuş-ykdysady, innowasion-tehnologik babatda sazlaşykly ösýän, şeýle hem onuň dünýäniň kosmos döwletleriniň hataryna goşulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. (TDH)