Berdimuhamedow, Türkmenistanda 40-a golaý häkimi täzeden wezipä belledi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji ýanwarda , ýurt boýunça 40-a golaý häkimi täzeden wezipä belledi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji ýanwarda kadrlary wezipä bellemek hakyndaky kararlara gol çekdi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
5-nji ýanwarda Aşgabatdaky we Ahal welaýatynda territorial-çäk bölünişleri üýtgedildi. Prezident paýtagtda we welaýatlarda täzeden wezipä bellemek hakyndaky kararlara gol çekdi.
Daşoguz welaýatynyň emeldarlary oba milli maksatnamasynyň çäginde ýerine ýetirilmedik wezipeler we beýleki kemçilikler üçin işden aýryldy.
Ýurduň beýleki regionlaryndaky kadr çalyşmalarynyň sebäpleri aýdylmaýar.
Şeýlelikde, A.Rejepalyýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň, A.Gyşykow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň, R.Hydyrow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimi wezipelerine bellendi. Ş.Goçmyradow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
B.Bäşekow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň, D.Babaýew Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň, A.Ýazmyradow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine bellendi.
H.Hojageldiýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi, K.Kürtow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipelerine bellendi.
M.Gurbanow Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkimi, B.Mämedow Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň, N.Çopanow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz Şäheriniň häkimi wezipelerine bellendi.
Şeýle-de prezident A.Gelenowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary, O.Meredowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary, M.Geldiýewany Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary, B.Baýramdurdyýewi Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary, M. Ýollyýewany Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerine belledi.
N.Nazarmyradow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, G.Çopanow, G.Meretdurdyýew, A.Atanazarowa Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň häkiminiň orunbasarlaryy, D.Hojaýew, B.Atahanowa Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasarlary wezipesine bellendi.
G.Gandymowa Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary, B.Mämiýewa Balkan welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellendi.
Ý.Hojanazarow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkiminiň orunbasary, M.Arazalyýew Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary, S.Meredow Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary, M.Atakeýew Daşoguz welaýatynyň Könürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary, G.Baýramdurdyýew Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerine bellendi.
Şeýle-de prezident E.Açylowy Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary, B.Durdykowany Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi.