Türkmenistanda ,Dollar gymmatlaýar
Türkmenistanda Dollaryň “gara bazar” kursy resmi kursdan eýýän üç esseden gowrak gymmatlady.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ABŞ-nyň dollarynyň “gara bazar” kursy 11,0-11,3 manada çenli ýoikarlandy.
Amerikan walýutasy soňky gezek 2017-nji ýylyň dekabrynda record derejede gymmatlady, şonda “gara bazarda” 1 ABŞ dollaryny 10,4 manada satyn alyp bolýardy. Dollaryň resmi kursy ozalkylary ýaly, $1 – 3,5 manat bolmagynda galýar.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” redaksiýasyna daşary ýurtlarda dowam edýän pul nagtlaşdyrmak kynçylyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar. belki-de şu faktyň özi hem dollaryň kursunyň ýokarlanmagyna sebäp bolandyr.
Gelýän maglumatlardan (hat awtoryň ýazyşy ýaly getirilýär):
“Täze ýyldan studentlere $1000 iberip boljagyny wada berdiler, emma fakt boýunça hiç zat we biz öz kartymyzdaky pullary hem kynlyk bilen çekýäris”.
“Näme üçin biz öz gazanan pullarymyzy çekip bilmeýäris, hökümet bolsa bu barada dymýar? Siz we siziň guramaňyz hökümet bilen bu barada hiç hili gürleşip bilmeýärmi? Olar näme üçin halky beýle köseýärler?”
“Tapgyr birnäçe gün bäri pul çekip bolmaýar, ýogsa bankda günde 50 dollardan çekip bolýar diýýärler. Eger puluňy bir gün alyp bolsa, indiki gezek diňe birnäçe günden alyp bolýar, galan wagtlar baglanýar. nagt däl pul meselesinde hem şol bir problema”.
“Iki hepdede 150$ nagt pul çekdim. Bankomatyň başynda her gün durdyk, emma şondan soň bolmady. 3 gezek $50-den pul çekdik. Magazinde diňe bir gezek 80 dollarlyk hasaplaşyk geçirip bildik”.
“Meniň pul geçirmek meseläm örän ýiti dur. Näme üçin men garyndaş däl adamlara pul geçirip bilmeýärin? Näme üçin şol bir meňzeş familiýa bolmaly? Mesele şunda, meniň enem keselledi, meniň onuň bejergisi üçin pul geçirip bilemeýärin (ol häzir reanimasiýada). Men onuň jorasyna pul geçirjek bolýaryn, emma enemiň jorasy maňa banka barandygyny, emma özüne hiç hili pul alyp bilmejegini aýdandyklaryny gürrüň berdi. Bu nähili eden-etdilik? Ahyrynda men aeroporta gidip, Aşgabada gidýän adamlardan eneme pul eltmeklerini ssoramaga mejbur boldum”.
Mundan ozal hem, Daşary ýurtlaryň kolležlerinde we orta hünär mekdeplerinde okaýan türkmenistanly studentler ene-atalaryndan “Western Union” we “Money Gram” arkaly pul alyp bilmeýärler diýip, “Azatlyk” radiosy habar beripdi.
Türkmenistanda 2017-njy ýyl 1-nji noýabrdan başlap, raýatlaryň daşary ýurtlaryň kollejlerinde, ýagny hünär mekdeplerinde okaýan çagalaryna “Western Union” we “Money Gram” arkaly pul ibermegine gadagançylyk girizildi.
“Azatlyk” radiosynyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, eger resminamalarda “kollejiň okuwçysy” diýlen ýazgy bolsa, onda Türkmenistanyň banklary raýatlaryň “Western Union” we “Money Gram” arkaly daşary ýurtlara ugratmak isleýän pul serişdesini kabul etmeýärler. Bank işgärleriniň sözlerine görä, bu görkezme başlyklar tarapyndan berlipdir.
Mundan öň daşary ýurtlaryň kollejlerinde ýa ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň öz garyndaşlaryndan pul almaga haky bardy. Munuň üçin Türkmenistanyň bank işgärleri studentiň ýakyn hossarlaryndan pasportyndan başga, studentiň şahsyýetini tassyklaýan dokumenti hem-de onuň daşary ýurduň haýsy ýokary okuw jaýynda ýa-da kolležinde okaýandygy hakynda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy we Bilim ministrligi tarapyndan berlen resminamany talap edýärdiler.
Studentlere her aýda iberilýän puluň möçberi 1000 amerikan dollary çemesindäki türkmen manadyndan geçmeli däldi.