Türkmenistanda üsti açylýan korrupsiýa jenaýatlarynyň möçberi azalýar
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i2496-türkmenistanda_üsti_açylýan_korrupsiýa_jenaýatlarynyň_möçberi_azalýar
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň başlygy Mämmethan Çakyýew Ministrle kabinetiniň 11-nji aprelde geçirilen mejlisinde ministrliklerde we pudak edaralaryna geçirlen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi diýip, TDH dowlet gullugy habar berýär.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Apr 15, 2018 15:49 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda üsti açylýan korrupsiýa jenaýatlarynyň möçberi azalýar

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň başlygy Mämmethan Çakyýew Ministrle kabinetiniň 11-nji aprelde geçirilen mejlisinde ministrliklerde we pudak edaralaryna geçirlen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi diýip, TDH dowlet gullugy habar berýär.

Korrupsiýa garşy göreş 2017-nji ýylyň maýynda yglan edildi. Şonda ýokary derejeli emeldarlar we güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylary, şol sanda baş prokuror Amanmyrat Hallyýew tussag edildi, korrupsiýa jenaýatlaryna garşy göreş boýunça gulluk döredildi.

Şondan soň Mämmethan Çakyýew her çärýekde korrupsiýa garşy göreş boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Soňky gezek şeýle hasabat   Ministrler kabinetiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda geçirilen mejlisinde berildi.

Her gezekki hasabatda ýüze çykarylan korrupsiýa jenaýatlarynyň möçberi azaldy. Şeýlelikde, Çakyýew 11-nji aprelde şu aşakdaky kanun bozmalar hakynda hasabat berdi:

Mary galla önümleri kärhanasynyň Tagtabazar etrabyndaky 7-nji kabul ediş bölüminiň wezipeli işgärleriniň tereziniň görkezijisini kemeldýän enjam oturdyp, galla tabşyrýan daýhanlaryň hasylyny yzygiderli kem ölçäp, daýhanlara maddy zyýan ýetirip gelendigi ýüze çykaryldy.

“Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Parahat nebit kärhanasynyň başlygy N.Muhammetorazowyň garamagyndaky ýangyç guýujy beketleriň operatorlar bilen deslapdan dilleşip,  satylan her 10 litr ýangyçdan 0,8 litr kem guýup, artdyrylan ýangyjy satyp, öz haýyrlaryna harçlandyklarynyň üsti açyldy.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işlerinde geçirilen barlagda komitetiň başlygynyň orunbasary E.Rejebow  komitetiň garamagyndaky edaralar üçin enjamlary satyn almak barada şertnamalary baglaşanda döwletiň kanuny bähbitlerini düýpli bozup, ynanylan emlägi bikanun harçlapdyr.

Oba we suw hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň başlygy Meret Geldiýew oba hojalyk pudagynda ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşylanda olaryň ýolbaşçylaryndan para alypdyr.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazy gaýtadan işleýiş” müdürliginiň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik edarasyna degişli Naýybyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminalynyň başlygy Ý.Bazarow  terminaldan eksporta ugradylýan suwuklandyrylan gazy hiç hili bökdençlik döretmezden awtoulaglara goýmak üçin satyn alyjy daşary ýurt kompaniýalaryndan para alypdyr.

Bereket kän müdürliginiň başlygy K.Hojamberdiýewiň  garamagyndaky maddy gymmatlyklary öz haýryna harçlandygy ýüze çykaryldy.

Awtomobil ulaglary ministrliginiň Könürgençdäki Awtoulaglar kärhanasynyň ýangyç we ýaglaýyş enjamlary bölüminiň başlygy D.Ataýewiň  jogapkärçiligindäki ýangyç paýlaýyş nokadyndan umumy 598 tonna A-80 görnüşli benzini bikanun hasapdan öçürendigi  ýüze çykaryldy.

“Türkmen-Türk” paýdarlar täjirçilik bankynyň karzlary bermek we dolandyrmak müdürliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ş.Saparlyýew hojalyk jemgyýetine hem-de dört sany hususy telekeçä önümçilik maksatly karz serişdelerini alyp berendigi üçin olardan para alypdyr.