Türkmenistanda ýaş adamlary halkara reýslerinden alyp galýarlar
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, Aşgabat aeroportunda ýaşy 30-dan aşak bolan ýolagçylar halkara reýslerinde bolsa, sebäbini düşündirmezden ýolundan alyp galýarlar.
Eger-de ozal ýurtdan çykmak gadaganlygy resmi däl ýagdaýda erkekleriň diňe harby gullukdan soň daşary ýurda gidip biljekdigi bilen düşündirilen bolsa, indi eýýäm, gulluk edenleri, saglyk ýagdaýy boýunça gulluga ýaramsyzlary we hatda, 27 ýaşy dolup, gulluga çagyrylýan ýaşy geçenleri hem ýolundan saklaýarlar.
Uçara goýberilmedik ýolagçylaryň käbiriniň biletleriniň bahasyny gaýtaryp berýärler.
TH-nyň ozal habar berşi ýaly, “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky we welaýat merkezlerindäki bölümlerinde reýsine goýberilmedik ýolagçylaryň bilet pullaryny yzyna gaýtarmak üçin ýörite bölümler işleýär.
Belleýäris, “Azatlyk” radiosy duşenbe güni Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna täze açyk bolmadyk görkezmäniň gelip gowşandygyny, onda 30-dan ýaş adamlaryň halkara reýslerine goýberilmeginiň gadagan edilendigini habar berdi.
Radionyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, bu çäreler raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen görülýär.
Mundan bir gün soň Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň saýtynda beýanat çap edilip, onda “Türkmenistanyň her bir raýatynyň ýurtdan çykmak we ýurda girmek hukugyndan mahrum edilip bilinmejekdigi” tassyklanýar.
Bu beýanat ýerli hökümete tarapdar internet neşirleri arkaly ýaradyldy. Oar migrasiýa gullugynyň işgärlerine salgylanyp, ýaş adamlaryň ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizilendigi barada aýdylýanlary ret edýärler.
TH-nyň çeşmeleriniň bellemeklerine görä, agyr ykdysady krisiz bilen baglylykda, gazanç gözleginde ýa-da Türkmenistandan hemişelik göçmek üçin ýurtdan çykmak isleýänleriň sany kesgin ýokarlandy. Belki-de, häkimiýetler bu gadaganlyk çäresi bilen ilatyň köpçülikleýin migrasiýasyny gowşatmaga çalyşýarlar.
Migrasiýa gullugynyň beýanatynda hem bu barada gytaklaýyn aýdylýar: “Häzirki pursatda, Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletlerine gitmeginiň deňeşdirme seljermesi geçirilende, onuň yzygiderli artýandygyny görmek bolýar.”
Ýatladýarys, martyň ortasynda Halkara Walýuta Fondy öz ekspertleriniň ýurda saparynyň netijeleri boýunça krizisden çykmak bilen bagly rekomendasiýalaryň sanawyny düzdi . Şonda häkimiýetlere berlen rekomendasiýalaryň arasynda “fiziki kapitaly däl-de, adam kapitalyny toplamak ugrunyň alynmalydygy” hem aýdylypdy.