Türkmenistanyň prezidenti ýurduň harby düzümlerini barlady
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i2716-türkmenistanyň_prezidenti_ýurduň_harby_düzümlerini_barlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti ýurduň harby düzümlerini “duýdansyz” barlady
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
May 05, 2018 09:42 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň prezidenti ýurduň harby düzümlerini barlady

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti ýurduň harby düzümlerini “duýdansyz” barlady

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, 3-nji maýda, daň atmagyna birnäçe sagat galanda, Gurbanguly Berdimuhamedow “duýdansyz” milli goşunyň taýýarlygyny barlady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

“ Prezident milli goşunyň söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak, goşunlaryň ähli görnüşiniň şahsy düzüminiň söweşjeň tälimini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewe bellenen tertipde harby bölümleri dessine söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi” diýip,TDH  habar berýär.

Berdimuhamedow okuw-türgenleşik meýdanynda, ýagdaý merkeziniň ýerleşen ýerinde elin barlag geçirdi. Ol ýerde prezidente harby-howa ulaglarynyň we ýörite tehnikalaryň nusgalary görkezildi.

“Döwlet baştutany iş ýüzünde kwadrasikleriň birini, onuň hereketlendirişiliniň kuwwatyny we harby ulag uçaryna ýüklenende hereketlerini synap gördi. Soňra prezident komanda punktyna ugrap, ol ýerden türkmen pilotlarynyň uçuşlaryna syn etdi” diýip, neşir ýazýar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň gysga mejlisinden soň, döwlet baştutany “göni wideoaragatnaşygynda uly ekranda Goranmak ministrliginiň harby bölümleriniň okuwlaryna syn etdi”.

Belleýäris, prezident Berdimuhamedowy soňky ýarym ýylda ýurduň harby ösüş meselelerine aýratyn üns berýär.

6-njy aprelde ol ýurduň güýç gurluşlarynyň başlyklary üçin elin türgenleşik  geçirdi.

24-nji fewralda Serhetabat serhet galasynyň täze desgalarynyň açylyşyş  dabarasyna gatnaşdy.

11-nji fewralda ol howa güýçlerinden goranmak boýunça harby meýdança  gelip, dikuçary we ýörite awtoulagy synag etdi.

17-nji ýanwarda president awiabaza  baryp, harby uçarlaryň parkyny gözden geçirdi we harby dikuçarlaryň birini synag etdi.

10-njy ýanwarda Berdimuhamedow ýurduň serhet galalarynyň   birine baryp, ol ýerde söweşjeň tehniki serişdeleri, harby eşikleri we enjamlary gördi.

Döwlet baştutany 2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda hem Aşgabadyň etegindäki serhet galasyna bardy, serhetçiler oňa bu gezek öz aýdym-saz ussatlyklaryny görkezdiler.