Bütin dünýä Kudus güni hakda
Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy aýatolla Hamenei Hezretleri ,geçen duşenbe güni Ymam Homeýni (R.a) Hezretleriň päk haramynda beren gürrüňlerinde bütin dünýä Kudus günine yşarat edip,şeýle güniň ýol ýörişliginde ýaýbaň huzurly bolmaklygy we Palestina ilatyna hemaýat berilmegini we geljegiň ýagty we gowy bolmagy ýolynda ardylýan mohum gadam bildiler.
Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy aýatolla Hamenei Hezretleri ,sionist režimiň garşysynda çydam güýçe we Palestina hemaýat berilip,sebit ýurtlaryň garaşsyzlyklaryna we toprak bitewlikligine arka bolmaklygyň ,Eýran yslam respublikasyna abraý bolýan ýagdaýynda,duşman,Eýran,sebitde dahylçylyk etýär diýen toslamasy bilen bu meseläni kynçylyk döretýän mesele öwürmek ugurynda tagalla etýär diýip sözlerine goşdylar. Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy aýatolla Hamenei Hezretleri ,ilatyň sahnada huzurly bolmaklaryny möhüm bilip,hudaý täbärek we tagalanyň merhemeti bilen we ilatyň ýaýbaň we şowhunly huzurlarynyň bereketine bu ýyl Kudus güniň ýol ýorişi geçen ýyllardan gudratlyrak we şowhunlyrak geçiriljekdir diýip nygtadylar.şu ýylyň Kudus güniniň möhümligi ,Palestina ülkelerinde bolan işler babatly iki esse bolandyr we durmuşky ýagdaý,Palestina meselesinde ýyty we taryhy tapgyrlaryň birisine öwürlendir.sionist režimiň 70 ýylda eden jenaýatlaryndan şol sanda gyrana berijilikli işlerinden we Palestina ilatyny awara etmeginden aýry,Amerikanyň syýasy hemaýatlarynyň we araplaryň oňuşmaklarynyň saýasynda Amerikanyň ilçihanasynyň basyp alynan Kudua geçirilmegi bilen sionistleriň Gazza zolagynda Palestina ilatynyň nesillerini gyrmaklary güýçlenendir.şeýle ýagdaýda bu ýylyň bütin dünýä Kudus güniniň ähmiýeti iki esse bolýandyr.musulman milletleriň Kudusyň bütin dünýä güniniň marasymynda ýaýbaň huzurly bolmaklary,Palestinanyň sütem astynda bolýan mezlum ilatyna hemaýat berilmeginde bir uly porsatdyr,o näme musulmanlar we dünýäniň azada ynsanlary şeýle işleri bilen,Palestinaň arzyly maksatlarynyň dünýä örisine ýaýrandygyny we oňşarnykly göreşiň çarçuwasynda onuň gurulmagynyň Palestina ilatynyň kanuny haky bolýandygyny dünýede sergä goýýandyrlar.Palestina ülkeleriniň durmuşky ýagdaýlaryna üns berilmegi bilen,Palestina ilatynyň ruhiýeleriniň berkidilmegi we olara dünýede hemaýat berilmegi,Palestinalylaryň kanuny haklarynyň berkidilmegine dünýede hereket edilýändigini görkezýändir.