Amerikanyň ,Siriýanyň Al-bukamal şäherine etýän hujumlary hakda
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i3336-amerikanyň_siriýanyň_al_bukamal_şäherine_etýän_hujumlary_hakda
Soňky günleriň boýunda ,Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky bileleşigiň uçarlary bir näçe gaýtar Siriýanyň Al-bukamal şäherine hujum etdiler.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 25, 2018 10:38 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň ,Siriýanyň Al-bukamal şäherine etýän hujumlary hakda

Soňky günleriň boýunda ,Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky bileleşigiň uçarlary bir näçe gaýtar Siriýanyň Al-bukamal şäherine hujum etdiler.

Soňky günleriň boýunda ,Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky  bileleşigiň uçarlary bir näçe gaýtar Siriýanyň Al-bukamal şäherine  hujum etdiler.Siriýanyň  Al-bukamal şäheri bu ýurduň Deýrolzur welaýatynda ýerleşip 3 uly şäheriň birisi hasaba  gelýändir.Al-bukamal  şäheri Bagdad bilen Damaskyň aralygynda ýerleşip 2012-njy ýylda Siriýa döwletiniň kontrolyndan çykarlan we DAEŞ-yň ýerleşen mekany bolan ilkinji sebitleriň birisidir.Al-bukamal şäheri Siriýada DAEŞ-yň möhüm we soňky bazalarynyň birisi bolup 2017-njy ýylyň noýabr aýynda bu terrorçy toparyň  elinden azat edildi.Siriýanyň Al-bukamal şäheri şeýle bir ýagdaýda terrorçy DAEŞ toparyň elinden azat edilendir welin bu şäheriň strategik ähmiýeti sebäpli Amerika hem bu şäheriň azat edilmeginiň öňüne geçmek maksaty bilen DAEŞ toparyna  ýardym berdi emma bu şäheriň azat edilmegine bewet bolup başarmady.şeýle halda Amerika, A—bukamal şäheriň azat edilmeginden soň  hem bu strategik şähere ýörite garap,Siriýa goşunynyň bu şähere müsellet bolmagynyň öňüne geçmek ugurynda tagalla edendir.Amerikanyň serkerdeligindäki hamana DAEŞ-e garşy bileleşigiň uçarlarynyň soňky wagtlarda bu şähere eden hujumlary bolsa şol ýaňky gürrüňimizi tassyk etýändir.indi şu ýerde bir möhüm sorag ara gelýär we olda ,Amerikanyň ,Siriýanyň Al-bukamal şäheriniň strategik ähmiýetine dolanýandyr.bu şäher ,Ýrak bilen Siriýanyň aralygynda serhetiň boýunda ýerleşip,onuň iň köp nebit we suw çeşmeleri bardyr.Siriýanyň Al-bukamal şäheriniň Ýrak bilen serhetdeş bolmagy,Siriýa bilen Ýrakdaky çydam toparlaryň biri birileri bilen gatnaşykda bolmaklaryna şert döretýändir.şeýle halda Amerika ,Siriýanyň Al-bukamal şäherine yzy gyderli hujum etmegi bilen ,Ýrak bilen Siriýadaky toparlaryň birikmeklerine bewet bolmagy ugurynda tagalla etýändir.Amerikanyň Altanaf adyndaky serhet geçelgede hem harby bazasy bardyr.hakykatda Altanaf bilen Al-bukamal strategik sebitlerdendirler.ýene bir sebäp hem Al-bukamal sebitiniň energiýa we suw çeşmelerine dolanýandyr.strategik meseleleriň bilermeni Hasan Şukripur şu ýerlikde beren gürrüňlerinde ,Amerika Siriýanyň kurt oturymly sebitlerini yklymlaşdyrylmagynyň yzyndadyr .bu iş üçin hem nebit we suw çeşmelere elgerilmegi gaty ähmiýetli bolýandyr,şol çeşmeler bolsa Al-bukamal şäherindedyrlar.her halda Amerikanyň ,durmuşda Siriýada ileri sürýän iň möhüm strategiki Damaskyň merkezi häkemiýetini ejizlendirmek maksaty bilen yklym gurmak hususanda kurtler üçin yklym gurmakdyr.soňky wagtlarda Siriýanyň Al-bukamal şäherine edilen hujumleri hem şu hakda synlap bolýandyr.