Orsýet ,Owganystanda, DAEŞ toparyna ýarag berilýär diýär.
Orsýetiň BMG-daky wekili Wasili Nebenziýa , Owganystandaky terrorçy DAEŞ toparyna iberilýän ýaraglar barada derňew geçirilmegini isledi.
Wasili Nebenziýa , şeýlede ,biziň şäriklerimiziň doly kontrollygynda bolýan Owganystandaky DAEŞ-yň adamlaryna näbelli uçarlar bilen ýarag berilmegi barada aýdyň düşündiriş berilen däldir we bu işleriň bilkastlaýyn üsti basyrlandyr diýdi.Moskwanyň ,Owganystanda DAEŞ-yň ýaraga beslenilmegini tankyt edilmegi näçelenji gezek üçindir.Orslaryň aýtmaklaryna görä ,durmuşda Amerika bilen onuň Owganystandaky ýaranlary öz bähbitleri we maksatlary ugurynda Owganystanda ýerleşen DAEŞ terrorçylarynyň erkinde dürli lüjestiki kömeklerini we ýaraglaryny goýýandyrlar.bu hili işleriň howpsuzlyk bölümde kynçylyk döretýänligine üns berilmegi bilen Moskwa ,bu işiň dürli görümleriniň belli bolmagyny we onuň çaltlykda togtadylmagyny isländir. Orsýetiň BMG-daky wekili Wasili Nebenziýanyň aýtmagyna görä,şeýle ýagdaýda ,Orslar ,şu ýerlikde derňew işleriň edilmegini we onuň ýzynda rol oýnaýan taraplaryň belli bolup olaryň bu işleriniň ýatyrlmagyny isländirler.Orslaryň aýtmagyna görä.DAEŞ terrorçylaryna hemaýat berýän çeşmeleriň birisi , göni tärdäki kömeklerden başga ,Amerikalylaryň we NATO-a agza beýleki ýurtlaryň ,Owganystanyň döwletine etýän harby kömekleridir,şeýle halda şol kömeklere mynasyp gözewçilik edilmeýänligi sebäpli köplenç aňsatlyk bilen ogyrlanylýandyrlar.Orsýet ,DAEŞ-yň Owganystandaky hüzüriniň ýaýbaňlaşmagyna üns berip DAEŞ terrorçylarynyň Orta Aziýada Orsýetiň ýaranlarynyň tersine bolýan işleriniň öňüne geçmek maksaty bilen ýörite çäreleri görendir.bu ýurduň Tajikistan bilen Gyrgyzystandaky harby bazalarynyň berkidilmegi bolsa şol görilen çärelerdendirler.Orsýetiň daşary işler ministrligi hem,Owganystanyň demirgazyk sebitleri ,DAEŞ-yň adamlary üçin pena jaýlara öwürlendirler diýip yglan edipdi.Amerikanyň,Owganystanda terrorçy DAEŞ toparyň hüzürli bolmagyna hemaýat bermek ugurynda etýän işlerine we hatda DAEŞ-yň agzalarynyň Owganystana girip bu ýurtda ýerleşmeklerine ýardym etýänligine üns berilmegi bilen Owganystanda DAEŞ-yň berkemegi möhüm bolýandyr.Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maryýa Zaharowanyň aýtmagyna görä,ynamly habarlara üns berilmegi bilen Amerikadyr NATO güýçleriniň Owganystanda DAEŞ-yň adamlaryna hemaýat berýändiklerini açyk aýdyp bolýandyr.