Türkmenistan oba hojalygyna hytaý maýalaryny çekmäge çalyşýar
Türkmenistanyň delegasiýasynyň Pekinde 10-13-nji iýulda geçirien gepleşiklerinde oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş sapary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň agrosenagat toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek, oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrmak we hyzmatdaşlygy ýygjamlatmak barada beren tabşyrygynyň çäklerinde gurnaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmen wekiliýeti HHR-yň Söwda ministrliginde duşuşyk geçirip, türkmen pagtasyny we ondan öndürilen harytlary eksport etmegiň meseleleri barada pikir alyşdy.
Gepleşikleriň dowamynda Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa işleri boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Ma Çi Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň eksportyna hoşallygyny beýan etdi we ýurduň agrosenagat toplumyna daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini goldaýandygyny belledi.
Hytaýyň «China textile Corporation Limited», «China National Cotton Group Corporation» we «China National Cotton Exchange» söwda biržasy ýaly iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
DIM hytaý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň agrosenagat toplumyndaky taslamalaryna maýa ýatyrmak isleglerini bildirendiklerini we oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda bileleikde işleşmek barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berýär.
Ýatladýarys, şu ýylyň maýynda ABŞ türkmen pagtasynyň we ondan öndürilen önümleriň ýurda getirilmegine gadaganlyk girizdi . Bu karar Türkmenistanyň pagta önümleriniň mejbury we çaga zähmetini ulanmak bilen öndürilmegine esaslanýar.
Mundan ozal hut şu sebäpler esasynda dünýäniň birnäçe belli brendi (IKEA, H&M, Wrangler, Lee, Zara) türkmen pagtasyndan ýüz öwürdiler.
Hytaý Türkmenistanyň daşary söwdasynyň umumy möçberinde ilkinji orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, gaz pudagynda hyzmatdaşlyk energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugry hökmündedir . 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri hereket edýän Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi türkmen «mawy ýangyjynyň» HHR-a uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün edýär. Hytaý işewürliginiň wekilleri Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum taslamalaryna, şol sanda senagat we durmuş ähmiýetli wajyp desgalaryň gurluşyklaryna, hususan-da, ägirt uly «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmegiň çäklerindäki taslamalara örän işjeň gatnaşýar.