Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda BMG-nyň başlygy bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i3475-serdar_berdimuhamedow_nýu_Ýorkda_bmg_nyň_başlygy_bilen_duşuşdy
“Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly” atly tanyşdyryş dabarasy gurnaldy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jul 24, 2018 10:40 Asia/Ashgabat
  • Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda BMG-nyň başlygy bilen duşuşdy

“Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly” atly tanyşdyryş dabarasy gurnaldy.

Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti, Türkmenistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň Hemişelik wekilleri, Pakistanyň Hemişelik wekiliniň orunbasary, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Ýe.Panowa, «TAPI Pipeline Çompany Limited» Baş direktory M.Amanow, ÝB-niň, BMG-nyň ÖM-niň wekilleri, BMG-nyň ýanyndaky agza-ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkemnsiatanyň DIM-i habar berýär.

Prezidentiň ogly 19-njy iýulda BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterriş bilen duşuşdy.

DIM-niň maglumatyna görä, Baş sekretar ýurduň howpsuzlyk, bosgunlar, migrasiýa meselelerindäki roluny, Türkmenistanyň Merkewzi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasy merkezine goldawyny belledi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmensitanyň delegasiýasy bilen BMG-nyň Ösüş programmasynyň ýolbaşçysy Akim Ştaýner bilen duşuşyk boldy.

Ýatladýarys, Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen delegasiýasy 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda iş sapary bilen Ženewa bardy.

Saparyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaerowa, Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ilçi Robertu Azewedu, Parlamentara Birleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň prezidenti Peter Maurer, BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-nyň söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Muhisa Kituýi, Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň baş direktory Frensis Garri, we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Laura Tompson bilen duşuşyklar geçirdi.

Energetika, ulag, parlamentara gatnaşyklar, halkara ynsanperwer hukugyny öňe sürmek we ýerine ýetirmek, maýa goýumlary çekmek, migrasiýa, intellektual eýeçiligi we ekologiýa meseleleri, şol sanda Türkmenistanyň halkara guramalaryndaky agzalygy ýaly mesele boýunça pikir alyşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Ýatladýarys, Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasy 2-3-nji iýulda iş sapary bilen Wenada, Awstriýada boldy.