Türkmenistanyň wekili MTS-i psihologiki basyşlar görkezmekde aýyplaýar
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i3497-türkmenistanyň_wekili_mts_i_psihologiki_basyşlar_görkezmekde_aýyplaýar
Orsýetiň MTS mobil operatory 27-nji iýulda, ýurduň häkimiýetleri ýygylyklary ulanmak baradaky ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwrenlerinden soň, Türkmenistanyň üstünden suda şikaýat arzasyny berendigini yglan etdi.Hökümete tarapdar internet neşiri Ashgabad.net bu barada “MTS bilen Türkmenistanyň arasyndaky maliýe dawalaryna goşulyşan kanun kompaniýasynyň wekiliniň ” düşündirişini çap etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jul 30, 2018 18:27 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň wekili MTS-i psihologiki basyşlar görkezmekde aýyplaýar

Orsýetiň MTS mobil operatory 27-nji iýulda, ýurduň häkimiýetleri ýygylyklary ulanmak baradaky ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwrenlerinden soň, Türkmenistanyň üstünden suda şikaýat arzasyny berendigini yglan etdi.Hökümete tarapdar internet neşiri Ashgabad.net bu barada “MTS bilen Türkmenistanyň arasyndaky maliýe dawalaryna goşulyşan kanun kompaniýasynyň wekiliniň ” düşündirişini çap etdi.

— 2010-njy ýylda MTS-iň telekommunikasiýa hyzmatlary boýunça lisenziýasynyň möhletini uzaltmakdan birinji gezek boýun gaçyrylandan soň, geçirilen gepleşikler netijesinde, kompaniýa nägilelikden doly ýüz öwürdi we bu täze şertnamada hem berkidildi. Şu sebäpden, öýjükli aragatnaşyk operatorynyň halkara arbitraž sudundaky pozisiýasy gowşak, uly möçberli şikaýatyň bolsa, perspektiwasyz diýse bolar – diýip, ýurist aýtdy.

Türkmen tarapynyň wekiliniň pikirine görä, şikaýat edilmeginiň sebäbi “garşydaşa maglumat we psihologiýa basyşyny etmek islegi, şeýle-de kompaniýanyň BAŞ-menejerleriniň strategiki karar kabul edilende goýberen ýalňyşlyklary sebäpli aksionerleriň öňünde özlerini aklamaga çalyşmaklary” bilen bagly.

— Hakykatda kompaniýany [МТS] hiç kim hyzmatlar üçin lisenziýadan mahrum etmedi. Meniň pikirimçe, MTS-iň wekilleri öz abraýlaryny goramak üçin agressiw goranyşa geçip,  gyzyklanýan taraplary we jemgyýetçiligi bilkastdan bulaşyklyga salýarlar. MTS-iň Türkmenistandaky işiniň togtadaylmagy hakykatda, telekommunikasiýa hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy baradaky lisenziýanyň möhletiniň dolmagy bilen däl-de, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen MTS-iň arasynda radio ýygylyklary bölüşmek boýunça baglaşylan şertnamanyň möhletiniň 2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda dolmagy bilen bagly – diýip, ýurist nygtady.Orsýetiň mobil operatory MTS “MTS-Türkmenistan” kärhanasynyň işini togtatmaga mejbur edilendigi üçin Türkmenistanyň üstünden inwestisiýa dawalaryna seredýän halkara merkezine ýüz tutdy.

“Interfakc” habar gullugynyň maglumatyna görä, MTS-iň çeken umumy zyýany entek gutarnykly kesgitlenmedi. Emma, maddy ýitgi deslapky hasaplamalara görä, pesinden $750 mln diýlip bilinýär.“MTS hasaplamalaryna görä,Türkmenistan döwleti özüniň daşary ýurt maýadary hökmünde Orsýet Federasiýasy bilen Türkmenistan Respublikasynyň arasynda 2009-njy ýylyň 25-nji martynda inwestisiýalary özara goramak barada baglaşylan ylalaşyk esasynda berkidilen hukugyny bozdy we netijede bu MTS-iň Türkmenistandaky maýasynyň doly ýitirilmegine getirdi” diýip, kompaniýanyň metbugat üçin ýaýradan beýanatyny agentlik sitirleýär.

Dawany gepleşikler arkaly çözmek synanyşyklary netije bermedi. MTS alty gowrak mundan ozal türkmen tarapyna, eger-de taraplar ylalaşyga gelmese, suda ýüz tutmaly boljakdygyny duýdurdy.

Ýatladýarys, “MTS’Türkmenistan” öýjükli aragatnaşyk operatory öz işini 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň aýagynda togtatdy. Türkmenistan ýygylyklary ulanmak baradaky lisenziýany uzaltmakdan boýun gaçyrdy. Operatoryň işiniň ýapylan wagtynda onuň 1,7 million abunaçysy bardy.2017-nji ýylyň noýabrynda “MTS-Türkmenistanyň” 2017-nji ýylyň üçünji çärýeginde işiniň togtadylmagy zerarly 1,1 mlrd rubl ($18,5 mln) zyýan çekendigi habar beripdi.

 “Türkmenistanyň Hronikasy” 2018-nji ýylyň iýunynda  “MTS-Türkmenistanyň” öz emlägini – ozal ulanylan sowadyjylaryny, transformator stansiýalaryny satýandygyny habar berdi.

26-njy uýulda kompaniýanyň saýtynda ýene ulanylan sowadyjylaryň satylýandygy barada bildiriş   peýda boldy.