Türkmenistanyň ÝOJ-laryna girmek üçin parany dollarda alýarlar
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda girmek üçin parany dollarda alýarlar.
Türkmenistanda ýokary we hünär öwredýän orta okuw jaýlaryna girmek üçin giriş synaglary başlandy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, eger geçen ýyl dollary konwertasiýa etmek üçin mümkinçilik bolmansoň, çagasyny okuwa saljak ene-atalardan parany manatda alan bolsalar, häzir diňe dollarda bermegi talap edýärler.
Şol bir wagtda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, paranyň dollardaky möçberi azaldy.
Hususan-da, eger 2017-nji ýylda medisina uniwersitetine girmek üçin $50-60 müňe barabar manat alan bolsalar, bu ýyl $30 müňe golaý para alýarlar. TDU-nyň hukuk fakultetine okuwa girmek üçin geçen ýyl $70-80 müň para bermelidi, häzir — $40 müň bermeli. TDU-nyň beýleki fakultetlerine girmek üçin $23-28 müň para bermeli bolýar.
Belleýäris, paranyň möçberleri şeýle ýokary bolansoň, ene-atalaryň köpüsi çagalaryny daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlara iberenini gowy görýärler.
Bar bolan maglumata görä, döwlet programmasy esasynda çagalary daşary ýurtda okamaga seçilip alynýanlaryň ene-atalaryndan $35 müň müň para talap edýärler. Mundanam başga, ene-atalaryň biriniň habar bermegine görä, 2018-nji okuw ýylyndan başlap hökümet bu studentleriň okuw puluny tölemegini bes eder we okuw puluny ene-atalaryň özleri tölemeli bolar. Bu maglumaty başga çeşmeler arkaly tassyklatmak hazirlikçe başartmady.
TH-nyň maglumatyna görä, ÝOJ-lardaky orunlaryň 7 prosenti mekdep olimpiadalarynyň ýeňijieri we sylaglananlary üçin saklanýar, 6 prosenti – ýetim çagalar, 4 prosenti – emeldarlaryň we olaryň garyndaşlarynyň çagalary üçin goýulýar, galan abituriýentler okuwa para berip girýärler.
Aýtmak gerek, Täze okuw ýylynyň başlamagyna az salym galanda, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga hak gazanan käbir ýaşlaryň, ylaýta-da, gyzlaryň okuwa barýarka, Aşgabadyň aeroportunda yzyna gaýtarylýandygy baradaky habarlar gelmäge dowam edýär.
Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny we sesiniň hem üýtgedilmegini sorap, Azatlyk Radiosy bilen Aşgabatdan habarlaşan bir diňleýjimiziň aýtmagyna görä, bir-iki günlükde Türkiýä okamaga barýan doganynyň iki gyzyny hem migrasiýa gullugynyň işgärleri "Gyzlaryň daşary ýurtlara okuwa iberilmeli däldigi barada ýokardan buýruk bar” diýip, yzyna gaýtarypdyr.