Aşgabatda Ylham Aliýew bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i4200-aşgabatda_ylham_aliýew_bilen_gurbanguly_berdimuhamedowyň_gepleşikleri_geçirildi
22-nji noýabrda Aşgabatda Ylham Aliýew bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri geçirildi
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Nov 24, 2018 11:12 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda Ylham Aliýew bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri geçirildi

22-nji noýabrda Aşgabatda Ylham Aliýew bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri geçirildi

22-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi

Görüşmek we surata düşmek dabaralaryndan soň, “başa-baş” görnüşdäki gepleşikler başlandy, soňra taraplaryň resmi delegasiýalarynyň gatnaşmagyndaky gepleşikler boldy diýip, TDH habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda giň gerimdäki meseleler, şol sanda söwda-ykdysady, ÝET pudaklarynda, şeýle-de transport ulgamlaryny dürlüleşdirmekde hyzmatdaşlyk etmek ara alanyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini we energiýa serişdelerini eksport etmek ulgamyny döretmek hem-de bilelikde halkara bazarlaryna çykmak üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Mundanam başga, transport pudagyndaky özara hyzmatdaşlygy ösdürmek etmek barada maslahat edildi we Ýewropa çykalgasy bolan Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gürjüstan-Türkiýe (Lazurit) transport koridory boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça 21dokumente  gol çekildi.

Ylalaşyklara gol çekilenden soň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň baştutanlary bilelikdäki beýanat bilen çykyş edip, özygtyýarlylyga, territorial bütewilige we birek-biregiň halkara derejesinde ykrar edilen serhetleriniň eldegrilmesizligine goldaw bildirdiler.

Döwlet habar gullugynyň ýazmagyna görä, “Pre­zi­dent­ler äh­lu­mu­my me­se­le­ler çö­zü­len­de, dur­nuk­ly ösüş üp­jün edi­len­de, dün­ýä­de howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mek­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we onuň eda­ra­la­ry­nyň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, şeý­le hem hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­ga howp sal­ýan ag­res­si­ýa he­re­ket­le­ri­ne gar­şy hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ta­gal­la­la­ry­ny art­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler”.

Şol bir wagtda döwlet baştutanlary konwensiýanyň  düz­gün­le­ri­niň ne­ti­je­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň hal­ka­ra hu­ku­gyň ýö­rel­ge­le­rin­den we ka­da­la­ryn­dan ugur alyp, ta­rap­la­ryň ara­syn­da deň­ziň düý­bü­niň we ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry­nyň çäk­le­ri­ni bel­le­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň hem çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Aşgabat bilen Baku Ha­zar deň­zi­niň düý­bü­ni çäk­len­dir­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki iş to­pa­ry­nyň işi­ni do­wam et­dir­ýär.