Türkmenistanda resmileriň boşadylmagy hakda
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i4351-türkmenistanda_resmileriň_boşadylmagy_hakda
Türkmenistanda Iki resmi käýinç bilen gutuldy, ikisi wezipeden boşadyldy. Prezident Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 16, 2018 12:07 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda resmileriň boşadylmagy hakda

Türkmenistanda Iki resmi käýinç bilen gutuldy, ikisi wezipeden boşadyldy. Prezident Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji dekabrda Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet baştutany iki resmä käýinç berip, ikisini  wezipeden boşatdy. 

Nebit-gaz boýunça wise-premýer Myratgeldi Meredowa “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky nebit-gaz toplumlarynyň işinde kemçilige ýol berendigi üçin” berk käýinç yglan edildi.

Oba hojalygy boýunça wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” berk käýinç yglan edildi.

Prezident oba hojalygyny ösdürmek baradaky programmanyň durmuşa geçirilişiniň haýallygyndan nägile boldy we wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmak, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ozal habar berlişi ýaly, suw ýetmezligi zerarly, bu ýyl regionlaryň köpüsinde pagta hasyly  gowy bolmady.

Senagat ministri Hoşgeldi Mergenow “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy.

Ýatladýarys, Mergenow ilki 2018-nji ýylyň ýanwarynda ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji boldy, soňra, şu ýylyň aprelinde senagat ministri wezipesine bellenildi.

Şeýle-de, üç gün mundan ozal,para alandygy üçin  , dokma senagaty ministri Nepes Gaýlyýew wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň prezidenti senagat boýunça orunbasaryny garamagyndaky ministrliklerdäki korrupsiýa sebäpli işden boşatdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji dekabrda geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda senagat pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Kerim Durdymyradowy wezipesinden boşatdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutany Durdymyradowy garamagyndaky ministrliklerde korrupsiýa, döwlet emlägini ele geçirmek we artdyryp ýazmak  faktlarynyň ýüze çykarylmagynda aýyplady.

Hususan-da, Dokma senagaty ministrliginiň üç gün ozal wezipesinden boşadylan   ýolbaşçysy Nepes Gaýlyýewiň parahorlygynyň baş edilendigi aýdylýar.

Mundan başga, prezident ministriň Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň  maliýe meselelerini çözüp bilmezliginden nägile boldy.

Ýatladýarys, Kerim Durdymyradow wise-premýeriň wezipesine 2018-nji ýylyň ýanwarynda bellenildi.

Senagat boýunça wise-premýeriň wezipesini ýerine ýetirmek wagtlaýytn transport boýunça wise-premýer Mämmethan Çakyýewiň üstüne ýüklendildi.