Gazak deputaty Demirgazyk-Günorta ugrunyň özüni ödemeýändigini aýdýar
Gazak parlamentiniň deputaty Aýkyn Konurow Gazagystanyň gatnaşmagyndaky halkara tranzit taslamalarynyň özüne çykarylan harajatlary ödemeýändigini aýdýar.
Gazak parlamentiniň deputaty A.Konurow bu pikiri plenar mejlisi mahalynda aýtdy. Halk wekili “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demirýol marşruty proýektini bu sözüne delil edip getirdi diýip, “Kazpravda” habar berýär.
– 2014-nji ýylyň dekabrynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demirýol marşruty işe girizildi. Ol marşrutyň Gazagystanyň harytlarynyň göni Pars aýlagyndaky portlara çykalgasyny üpjün etmegine, şeýle-de tranzit girdejilerini getirmegine garaşyldy. Hökümetiň çaklamalaryna görä, bu ýoldan gatnadylýan ýüküň möçberi 2022-nji ýylda taslamada göz öňünde tutulan mukdaryna – ýylda 15 million tonna ýetirilmeli. Biziň hasaplamalarymyza görä, şu ýylyň 10 aýynda geçirilen ýükleriň möçberi bir million tonnadan sähel gowrak boldy. Şol bir wagtda tranzit hatda 200 müň tonna-da ýetmedi. Bar bolan maglumatlara görä, bu gatnaw ýoly hakykat ýüzünde halkara transport koridory hökmünde işlemeýär. Bu ugur häzirlikçe biznes üçin zerurlyk bolup durmaýar, onuň gelejegi hem dumanly – diýip, deputat aýtdy.
Ýatladýarys, başdaky plana laýyklykda, demir ýoluň türkmen böleginiň gurluşygyny baryp 2011-nji ýylda tamamlamak planlaşdyryldy. Bu proýekti durmuşa geçirmek bilen Eýranyň ParsEnergy firmasy meşgullandy. Emma türkmen tarapy 2012-nji ýylyň güýzünde gijikmeler zerarly şertnamany bozdy we ýoluň türkmen uçastogyndaky bölegini öz güýji bilen şol ýylyň aýagyna çenli gurup gutarjakdygyny aýtdy. Netijede demir ýoluň türkmen uçastogynyň gurluşygy 2014-nji ýylyň dekabrynda tamamlandy.
Ilkinji synag ýük otlusy türkmen stansiýasyna 2016-njy ýylyň fewralynda geldi.
Şu ýylyň maýynda bu demir ýoldan çigit ýüklenen otluly synag reýsi geçirildi.
Bu demirýoluň umumy uzynlygy 900 kilometre barabar bolup, şonuň has uzyn bölegi, ýagny 700 kilometre golaýy Türkmenistanyň çäginden geçýär. Aýtmak gerek, bu ýolda ýylyň dört paslynda hereket amala aşyrmak üçin zerur şertler döredilipdir.
“Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” täze demirýoluň ugrunda döwletara polat ýolunyň köpsanly ulag we inžener-tehniki düzüminiň desgalary dabaraly açylyp, olaryň hatarynda Däneata, Döwletýar, Bugdaýly, Balguýy, Madaw hem-de Etrek beketlerinde demirýol menzilleri hem-de demirýolçularyň maşgalalary üçin niýetlenen oňaýly ýaşaýyş jaýlary we beýlekileri bar.