“Doly kuwwatynda işlemegi üçin”, ÝHHG Türkmenbaşy portunda trening geçirdi
ÝHHG-niň ( Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň) Aşgabatdaky merkezinde 17-25-nji dekabr aralygynda deňiz portlarynyň howpsuzlygy üpjün etmeli işgärleri, hukuk goraýjy guramalaryň wekilleri üçin deňzi portlarynda howpsuzlygy berjaý etmek we proseduralara gözegçilik etmek boýunça tälim okuwy geçirildi. Trening halkara Türkmenbaşy portunda geçirildi.
“Täze portuň doly kuwwatynda işlemegini gazanmak üçin döwrebap portlardaky gözegçilik we howpsuzlyk proseduralary, şeýle-de deňiz barlag-goýberiş nokatlary boýunça hünärleri ýokarlandyrmak kurslarynyň gurnalmagy zerur” – diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Dmitriý Zagroskiý aýtdy.
Trening programmasyna praktiki sapaklar we deňiz howpsuzlygyna gözegçilik we portlarda howpsuzlyk proseduralarynyň berjaý edilmegine kontrollyk bilen bagly tejribeleriň mysallary ara alnyp maslahatlaşdyldy. Şeýle-de, portuň territoriýasyna sapar edildi we ol ýerde ýolagçylary we goşlary gözden geçirmek usullary, gämileri hasaba almak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek proseduralary görkezildi.
2018-njy ýylyň 2-nji maýynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, Türkmenbaşyda gurlan halkara deňiz porty ulanmaga berildi.
Täze desganyň açylyşy köpçülikleýin dabaralar bilen gurşaldy. Kaspiniň kenarynda ak öýler dikildi, folklor ansambllary çykyş etdi. Halk amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi we gazanlar ataryldy diýip, TDH habar berýär.
Açylyş dabarasyna Mejlisiň başlygy, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy organlaryň ýolbaşçylary, şeýle-de daşary ýurt delegasiýalary we daşary ýurt ilçileri gatnaşdylar.
Täze desganyň tehniki häsiýetnamasy barada aýdylanda, portuň umumy meýdany — 1 million 358,5 müň inedördül metri tutýar. Gämi duralgalarynyň uzynlygy 3 600 metr.
Bu ýerde “Balkan” gämi gurluşygy we gämi bejeriş zawody hem ýerleşýär. Ol ýylda 4-6 gämi gurmak we 10 tonna polady işläp bejermek kuwwatyna eýe diýip, neşir belleýär.
Ýolagçy terminaly 600 orna niýetlenen. Şeýle-de bu ýerde myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezleri bar. Awtomobil we ýolagçy paromy terminaly 230 müň inedördül meýdany tutuýar hem-de ýylda 300 müň ýolgaça we 75 müň ýük maşynyna hyzmat edip biler.