Türkmenistan azyk önümleriniň importuny ortaça 27,5% azaldandygyny aýdýar
TDH döwlet habar gullugynyň habar bermegine görä, Türmenistanyň Ministrler kabinetiniň 4-nji ýanwarda geçen mejlisinde söwda boýunça wise-premýer Çary Gylyjow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa azyk önümleriniň importunyň ortaça 27,5 göterim azalandygy barada hasabat berdi
Türmenistanyň Ministrler kabinetiniň geçen mejlisinde söwda boýunça wise-premýer Çary Gylyjow şeýlede , et we şöhlat önümleriniň 39,7 göterim, balyk önümleriniň 33,9 göterim, süýt önümleriniň 59,5 göterim, süýji-köke önümleriniň 48,5 göterim, unaş önümleriniň 41,9 göterim, miwe suwlarynyň we alkogolsyz içgileriň 94,1 göterim az getirildi diýdi.
Wise-premýer beýleki azyk önümlerine garanda haýsy önümiň importynyň has azalandygyny anyklaşdyrmady. Şeýle-de, import önümleriň ornuny tutan ýerli önümleriň öndürilişiniň derejesiniň näçe möçberde ösendigi aýdylmaýar.
Gylyjowyň sözlerine görä, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň birnäçesine alyjylaryň islegleri öwrenildi hem-de olary yzygiderli satyn almak boýunça işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, häzir Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan maldarçylyk toplumlary, günebakar ýagyny, şeker, guş etini, ýumurtga, iým we beýlekileri öndürýän kärhanalar gurulýar.
Ýatladýarys, “Türkmenistanyň Hronikasy” bu harytlaryň ählisiniň Türkmenistanyň bazarlarynda ýetmezçilik edýändigini ençeme gezek habar berdi, emma döwlet eýeçiligindäki KHBS “azyk bolçulygynyň döredilendigini” subut etmäge calyşdy.
Şeýlede Täze ýylyň öňüsyrasynda häkimiýetler satyjylary öz harytlaryny “maslahat berlen”bahalardan satmaga mejbur etdiler. Bazardaky söwda polisiýa we häkimligiň wekilleri gözegçilik edýär.
“Teke bazarda” adam başyna 6 sanydan berilýän ýumurtga, un, ösümlik ýagy we gök önümler üçin nobatlar döredi. Nobata duranlaryň arasynda mahal-mahal dawa-jenjel turýar, hatda ýakalaşmalar hem bolýar.
“Daşhowuz bazarynda” kilogramy 18 manatdan sygyr eti peýda boldy. Tekjäniň öňünde uzyn nobat döredi. Adamlaryň satylýan etiň hilinden nägile bolýarlar, esasan süňkli, köne ýa hili gowy bolmadyň etiň satylýandygyny aýdýarlar. Emma paýtagtlylar bu eti almaga mejbur.
Ýatladýarys, biraz öň paýtagtyň söwda nokatlaryna harytlaryň “maslahat berilýän bahalarynyň” sanawy gelip gowuşdy, ol bahalar bazardaky hakyky bahalardan birnäçe esse arzan bolup durýar. Şeýlelikde, ýurt prezidentiň elýeterli bahadan azyk bolçulygyny döretmek barada beren tabşyrygyny berjaý edýär.