Berdimuhamedow Aşgabady “innowasion megapolise” öwürmek kararyna geldi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji ýanwarda “Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen” paýtagt boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony “innowasion megapolisa” öwürmegiň taslamalary bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.
Döwlet baştutany ir bilen Çoganly toplumynyň çägine, emeldarlaryň toplanyp, şäheriň dürli künjeklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän medeni durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary goýlan ýerine geldi.
Hususan-da, onuň garamagyna edara we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň işlenip taýýarlanylan taslamalary hödürlenildi. Bu binalary 2020 — 2030-njy ýyllarda Bagtyýarlyk etrabynda gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Bu iri durmuş maksatly taslamalar tutuş şäherçäniň gurluşygyny öz içine alýar. Bu ýerde etrap häkimliginiň hem-de beýleki edara binalarynyň, hyzmatlar we durmuş ulgamyna degişli binalaryň gurluşygy bar.
Şeýlelikde, täze şäherçe soňky birnäçe ýylda häkimiýetler tarapyndan jaýlary ýykylan ozalky Çoganlynyň ornunda gurlar.
“Soňra Berdimuhamedow Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň täze binalarynyň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy. Olary 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugry boýunça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň garşysynda, ikinji görnüşi boýunça bolsa Arçabil şaýolunyň ugrunda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň garşysynda ýerleşdirmek teklip edilýär” diýip, neşir abar berýär.
Şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň goşmaça binalar toplumynyň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň okuw merkeziniň we onuň iki sany umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, köp gatly awtomobil duralgalarynyň, gül bazarynyň gurluşygynyň taslamalary hödürlenildi.
Prezident dürli beýiklikdäki iri ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalaryna, şol sanda Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň çyzgylaryna aýratyn ünsi çekdi.
Berdimuhamedow gurluşykda dünýä tejribelerini we häzirki zaman usullaryny ulanmagy tabşyrdy. Ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary howpsuzlyk, adamlar üçin oňaýlylyk hem-de ekologiýa abadançylygy nukdaýnazaryndan halkara awtomobil ýollaryndan, hem-de awtobanlardan uzakda ýerleşdirilmelidir.
Prezident ýolbaşçylary daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini işjeň öwrenmäge, ösen ýurtlarda şäher hojalygyny netijeli guramagyň ýörelgelerini seljermäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny, mysal üçin, Gün energiýasyny ulanmak bilen bagly tehnologiýany giňden ulanmaga çagyrdy. Şeýle hem yggallary netijeli ulanmak bolar — ýagyş suwlaryny toplaýjy ulgam ony ýörite meýdançalardaky otlary suwarmak üçin ulanmaga mümkinçilik berer.
TDH-nyň habar bermegine görä, Aşgabadyň “innowasion megapolise” öwrülemgi üçin, prezident şäher gurluşygyna ýaş, döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenleri, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny işjeň çekmegi tabşyrdy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary biraz öň Aşgabatda awtodualgany giňeltmek üçin ýaşaýayş jaýlarynyň gapdalyndan gurlan goşmaça binalaryň ýykylýandygyny habar berdi.