Türkmenistanda erkekleriň harby biletleri barlanýar
Tramp Owganystandan goşun çykarmagy agzandan soň, Türkmenistanda erkekleriň harby biletleri barlanyp başlandy
Türkmenistanda 8-nji ýanwarda döwlet eadaralarynda we guramalarynda işleýän erkekleriň ählisiniň harby biletlerini barlamaga başladylar. Olardan harby biletlerini gyssagly ýagdaýda kadrlar bölümlerine tabşyrmak talap edilýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýär. Bu görkezme ýurduň Goranmak ministrliginden gelip gowuşdy.
Kadrlar bölüminiň başlyklary şu günleriň dowamynda goşunda gulluk eden işgärleriniň tassyklaýjy dokumentlerini toplamak bilen meşgullanýarlar. Ýöne bu talabyň sebäbini ne kadrlar bölümleriniň başlyklary, ne-de döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilýär.
Ilat bu barlaglary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň goňşy Owganystandaky amerikan goşunlaryny ol ýerden çykarmak ähtimallygy bilen baglaýar.
“The Wall Street Journal” gazeti dekabryň aýagynda ABŞ-nyň prezidentiniň Pentagona Owganystandan ol ýerdäki 7 müň amerikan harbysyny çykarmak planyny taýýarlamagy buýrandygny habar berdi. Biraz soň Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat gullugynyň başlygy Garrett Marki döwlet baştutanynyň Pentagona beýle buýrugy bermändigini we beýle karary kabul etmändigini aýtdy.
TASS habar gullugynyň 9-njy ýanwarda habar bermegine görä, Trampyň geňeşçileri oňa Owganystandan goşun çykarmagyň ýuwaş-ýuwaşdan amala aşyrylmagynyň gerekdigini ynandyrdylar.
“Meduza” habar gullugy 11-nji ýanwarda CNN-e salgylanyp, ABŞ-nyň Siriýadan harby tehnikalaryny çykaryp başlandygyny habar berdi.
Orsýetiň “Nowosti” habar gullugy Gyrgyzystanyň döwlet serhet gullugynyň metbugat wekili Gulmira Boribaýewa salgylanyp, “türkme-owgan serhedindäki ýagdaýlaryň düýpli ýaramazlaşandygyny, ol ýerde ýaragly prowokasiýa we Türkmenistanyň territoriýasyny oka tutmak wehimleriniň dörändigini” habar berdi.
Türkmenistanyň DIM-i şol günüň özünde öz resmi saýtynda beýanat çap edip, Orsýetiň “Nowosti” habar gullugyny “türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlaryň ýitileşendigi baradaky maglumaty ýoýmakda” günäledi.