Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda geçirilen işler barada hasabatlar diňlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk boýunça, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy çagyrdy. Wise-premýer orta we ýokary hünär bilim edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamak baradaky Düzgünnamany taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şol bir wagtda göni wideoaragatnaşyga bilim ministri M.Geldinyýazow hem çagyryldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistana ýaýbaňlandyrylan özgertmeler netijesinde hususy pudak öz ösüşine eýe bolup, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde kiçi we orta kärhanalaryň sany artýar, jemi içerki önümde hem onuň paýy ýokarlanýar. Degişlilikde, hususy kärhanalarda orta we ýokary hünär bilimli hünärmenlere bolan zerurlyk hem artýar.
Şeýle hem ýurtda bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär, milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän özgertmeleri bilen ýokary we orta hünärment okuw mekdepleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şunuň bilen baglylykda, şolaryň uçurymlaryny işe ýollamak hakynda Düzgünnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerurlygy ýüze çykdy. Bu ugurda daşary ýurtlaryň tejribesi öwrenildi. Hususan-da, orta hünär we ýokary hünär bilimini alan uçurymlar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara, guramalara ikiýyllyk işe ýollanylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklaryny, şol sanda onuň döwlete dahylsyz bölegini işgärler bilen üpjün etmegiň wezipelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere hem-de bilim ministrine geljegi nazara almak bilen, zähmet bazarynyň talaplary bilen baglylykda, uçurymlary işe ýollamak hakynda taýýarlanylan Düzgünnamanyň ähli bölümlerini ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasyny işläp taýýarlamak meselesi boýunça hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy hadysalaryň töwekgelçiliklerini dolandyrmaga jogapkärli we düýpli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtmak bilen, ady agzalan maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Resminama şol wagtyň özünde elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere ugradyldy.
Bu ulgam döwlet dolandyryş düzümini onuň ähli derejelerinde birleşdirýär, bu bolsa hökümet edaralarynyň hem-de ýerlerdäki dolandyryş merkezleriniň özara gatnaşyklaryny çaltlandyrýar. 21-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen iş maslahatynda häkimler maglumat tehnologiýalarynyň üsti bilen döwlet Baştutany welaýatlarda ýolbaşçylary wezipelere bellemek hakynda resminamalary dessine aldylar. Şu gün bolsa Berdimuhamedow döwlet durmuşynyň käbir meseleleri boýunça gol çeken hem-de sanly görnüşdäki resminamalarda berkidilen çözgütler bada-bat wise-premýerlere baryp gowuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça tabşyryklary bermek bilen, ýertitremeleriniň öňüni almak we täsirlerini peseltmek babatda ilatyň habarlylygyny gowulandyrmagyň hem-de degişli düzümleriň mümkinçiliklerini berkitmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.
Soňra döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyrdy. Ministr ýolbaşçylyk edýän edarasynyň we onuň garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek boýunça ikinji halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Dünýäniň 50-den gowrak döwletinden hünärmenleriň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýan forumy şu ýylyň aprelinde geçirmek meýilleşdirildi. Ýokary derejeli maslahatyň gün tertibine saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm meseleleri we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmak hem-de degişli ugurda döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak bilen bagly möhüm meseleler giriziler.
Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilata edilýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek hem-de keselleri bejermekde ýöriteleşdirilen kömege elýeterliligi artdyrmak, lukmançylyk edaralary üçin hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada-da habar berildi.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda, aýratyn-da, obalarda özgertmeleriň geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ilata lukmançylyk hyzmatlaryny ösdürmekde dünýä ylmyna, onuň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribä daýanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutany ministre anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow şu ýylyň 10 — 12-nji fewralynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «Petrotech — 2019» atly halkara nebit we gaz sergisine hem-de maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Ýenede Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň bir näçesi göni tärde hasabat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri, arzuw etdi.