Türkmenistan - ÝB: durnukly ösüş maksadynda hyzmatdaşlyk
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i4843-türkmenistan_Ýb_durnukly_ösüş_maksadynda_hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky missiýasynyň baştutany Kristian Berger bilen Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Mar 05, 2019 15:09 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan - ÝB: durnukly ösüş maksadynda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky missiýasynyň baştutany Kristian Berger bilen Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitinde häzir öňdebaryjy orny eýeleýän hem-deTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň   syýasaty netijesinde sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary parahatçylyk döredijilikli mümkinçiligini görkezýän strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depgini bellenildi. Munuň şeýledigine eýýäm amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilýän, şol sanda bilim, daşky gurşawy goramak we ykdysadyýet ulgamlarynda ýerine ýetirilýän bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy, şeýle hem 2019-njy ýylda Aşgabatda ÝB-niň resmi wekilhanasynyň açylmagynyň meýilleşdirilmegi şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň fewral aýynda Belgiýanyň paýtagtynda geçirilen ÝB — Türkmenistan Bilelikdäki Komitetiň 18-nji duşuşygynyň netijelerine oňyn baha berildi. Şol duşuşygyň gün tertibine söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça işlenilip taýýarlanylýan täze Strategiýasynda Türkmenistanyň ykdysady syýasatyna degişli ulgamda özgertmeleri ilerletmek baradaky meseleler girizildi.

Duşuşygyň barşynda   Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň hem-de Ýewropa Bileleşigi tarapyndanTürkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge täze çemeleşmeleriň bilelikde işlemegiň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin pugta binýat bolup durýandygy nygtaldy.