Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahamçasy açylýar
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i915-türkmenistan_hytaý_gaz_geçirijisiniň_dördünji_şahamçasy_açylýar
2019-njy ýylda Gyrgyzystanda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahamçasynyň gurluşygy başlanar
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 25, 2017 11:46 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahamçasy açylýar

2019-njy ýylda Gyrgyzystanda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahamçasynyň gurluşygy başlanar

Gyrgyzystanda 2019-njy ýylyň aýagynda Türkmenistandan Hytaýa uzaýan gaz geçirijiniň dördünji (D) şahamçasynyň gurluşygy başlanar."Kabar" neşiri bu habary senagat, energetika we tebigy serişdeleri peýdalanmak komitetiniň başlygy Ulanbek Ryskulowa salgylanyp ýaýratdy.

Emeldaryň sözlerine görä, gaz geçirijiniň gurluşygy Hytaýyň “SINO-Pipeline International Company Limited” kompaniýasy tarapyndan gurlar. Proýekt üç ýyl möhlet içinde tamamlanmaly.

Gurluşygyň bahasy $1,2 milliard we dolulygyna hytaý tarapyndan maliýeleşdiriler.

Ryskulow bu baradaky ylalaşyga 2013-nji ýylda gol çekilendigini, gurluşygyň şol wagt 2016-njy ýylda tamamlanmaly edilendigini aýtdy. Emma, bu möhlet Täjigistandaky agyr şertler zerarly yza süýşürildi, sebäbi geçirijiniň ugrunda “bir topar geçit, ötük we derýa bar”.

Mundanam başga, resmi “Türkemenistanda häzirlikçe tebigy gaz öndürmegiň planynyň çykmandygyny” belledi.

Ýatladýarys, häzirki pursatda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahamçasy (A,B we S) işleýär, olaryň ýyllyk geçirijilik kuwwaty 55 milliard kub metre barabar. Proýekte laýyklykda, dördünji şahamçanyň geçiriş ukyby ýylda 30 milliard gaz geçirmäge mümkinçilik berer. Hytaý türkmen gaz ýataklarynyň özleşdirilemgi üçin eýýäm milliardlarça dollar maýa ýatyrdy. Hytaýyň ösüş banky 2009-njy ýylda Türkmenistanda ilkibaşda “Galkynyş” (şeýle-de Günorta Ýolöten-Osman diýip hem bilinýär) gaz ýatagyny özleşdirmek üçin 3 milliard dollar möçberinde kars berdi, iki ýyldan soň bolsa, Aşgabat 4,1 milliard dollar möçberinde goşmaça karz aldy.

Mundanam başga, Hytaýyň milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) baştutanlygyndaky konsorsium 2009-njy ýylda “Galkynyş” gaz ýatagyndaky önümi bölüşmek (PSA) barada 10 milliard dollar möçberinde ylalaşyk baglaşdy. Şol wagt CNPC-iň jübüsinde eýýäm birnäçe ýangyç ojagyny, şol sanda Samandepäni we Altyn asyry öz içine alýan “Bagtyýarlyk” nebit-gaz proýekti babatda hem şuňa meňzeş ylalaşyk bardy.

“Galkynyş” ylalaşygy boýunça Türkmenistan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda her ýyl 30 milliard kub metr gaz ibermäge borçlandy.

Emma, Pekin we Aşgabat Hytaýa eksportyň möçberini 65 milliard kubmetre çenli ýetirmegi niýet edinýär, 30 milliard kub metr “Galkynyşdan”, galan gaz bolsa “Bagtyýarlykdan” we beýleki ýataklardan iberilmeli.

Bu maksatlara ýetmegiň öňündäki baş päsgelçilik ýeterlik eksport kuwwatlyklarynyň bolmazlygy bolup durýar. Hytaýa bar bolan gaz geçirijiler ulgamy iş ýüzünde ahyrky mümkinçiligine çenli işelýär, ulgamy giňeltmek bolsa häzirlikçe togtadyldy.

Şu aralykda Türkmenistanyň ykdysadyýeti energeiýa serişdeleriniň bahalarynyň arzanlamagy netijesinde eksport girdejileriniň kesgin azalmagy sebäpli düýpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Hytaýyň resmi wekilleri ýokarda agzalan Aşgabat gurultaýynda täze gaz geçirijileriniň gurluşygy meselesini öli nokatdan gozgap boljagyna umyt baglaýarlar.