Grigoriý Karasin: Kaspini bölüşmek prinsipi boýunça ylalaşyldy
(last modified Thu, 28 Dec 2017 08:54:17 GMT )
Dec 28, 2017 13:54 Asia/Ashgabat
  • Grigoriý Karasin: Kaspini bölüşmek prinsipi boýunça ylalaşyldy

Grigoriý Karasin: Kaspini bölüşmek prinsipi boýunça ylalaşyldy, emma käbir nýuanslaryň peýda bolmagy mümkin.

RF-niň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin 27-nji dekabrda  Kommersant gazeti bilen söhbetdeşlikde Kaspi deňziniň hukuk durumy baradaky Konwensiýanyň proýekti Kaspi “bäşliginiň” ministrleri tarapyndan umuman ylalşyldy diýdi.

Emma, 2018-nji ýylda konwensiýa gol çekiler diýip ynamly aýdyp bolarmy diýen soraga diplomat “kesgin “hawa” diýip aýdyp bolmaz” diýip jogap berdi.

– Kaspini bölüşmek prinsipi boýunça ylalaşyldy, emma men häzir jikme-jiklere girmekçi däl – diýip, diplomat aýtdy. – Gazagystanda geçiriljek bäşinji Kaspi sammiti ýetip gelýär. Çakymça, prezidentleriň bu duşuşykda seretmeli meseleleri az bolmaz. Ýöne, ýokary derejedäki duşuşyklaryň golaýlaşmagy bilen haýsydyr bir nýuanslaryň peýda bolmagy we olar üçin goşmaça ylalaşyklaryň gerek bolmagy hem mümkin. Şu sebäpden daşary işler ministrleriniň ýa işçi toparyň bu nýuanslary anyklamak üçin taýýarlyk duşuşygynyň geçirilmegini aradan aýyrmazdym.

Karasiniň sözlerine görä, “umuman alnanda hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklary häzir oňyn ugurda ösýär. Eger-de 90-njy ýyllar dezintegrasiýa nyşany we deňzi birtaraply “bölmek” synanyşygy astynda geçen bolsa, häzir biz düýpden başga etapda ýerleşýäris. Kaspiniň diňe nebit we gaz däldigine düşünildi. Durmuş bizi bu özboluşly suw howdanynda bolup geçýän zatlaryň ählisi babatda kollektiw jogapkärçiligi öz üstümize almaga mejbur edýär.”

Konwensiýanyň jedelli pursatlary çözüldimi diýen soraga jogap berip, Karasin “olaryň çözgüt ýollary ylalaşyldy” diýdi.

“Konwensiýa ähli döreýän meseleleri çözmez. Ol degişli hazar döwletleriniň arasynda ylalaşyk gazanmak üçin zerur bolan çäkleri döreder” – diýip, diplomat belledi.

Ýatladýarys, hazarkaýa döwletleriniň sammitlerinde Kaspi deňziniň statusy baradaky mesele esasy tema bolup galýar. Bäş döwletiň liderleri ilkinji gezek 2002-nji ýylda Aşgabatda duşuşdylar. Ikinji Kaspi sammiti 2007-nji ýylda Tähranda geçirildi, üçünji – 2010-njy ýylda Bakuwda, dördünji 2014-nji ýylda Astrahanda geçirildi.

Indiki sammitiň 2018-nji ýylyň başlarynda Gazagystanda geçirilmegine garaşýar.

Bakuda 2017-nji ýylyň 25-26-njy ýanwarynda Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň taslamasyny taýýarlamak we işläp düzmek boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň 48-nji mejlisi geçirildi.