Amerikanyň Siriýadaky harby hereketleri dowam edýär
Amerikaly resmileriň Siriýanyň kanuny döwletine garşy hereketleriniň dowamynda Amerikanyň goranmak ministri Jamez Matiz Siriýadaky harby bolmadyk Amerikalylaryň şol sanda potratçylarynyň we diplomatlarynyň sany köpeljekdir diýip yglan etdi.
Reuters habarlar gullugynyň beren habaryna görä, häziriň özünde takmynan 2 müň Amerikaly harby Siriýa topragynda ýerleşendirler.
Amerika döwleti terrorçylara garşy göreşmek bahanasy bilen bikanun tärde we Damask döwletinden rugsat almazdan harbylaryny Siriýada saklaýandyr.Amerikaly resmileriň käbirisiniň ygrar etmeklerine görä terrorçy DAEŞ toparynyň döremegine sebäp bolan asly tarap Waşington döwletidir.
resmi hasabatlar boýunça Amerika şu mahala çenli milliardlarça dolar hümmeti bolan dürli ýarag enjamlary Siriýa we Yrakda ýerleşen terrorçylaryň erkinde goýandyr.
Siriýa dartgynlylygy 2011-nji ýylda sebitiň özgerişlerini Sionist režimiň bähbitleri ugurynda özgertmek üçin Saud Arabystany,Amerika we ýaranlarynyň goldawyndan paýly bolan terrorçylaryň ýaýbaň hüjümleri bilen başlandy.