Sanaa: Ýemeniň nebit ýataklary Saud Arabystanyň harby bazalaryna öwrüldi
(last modified Sun, 28 Mar 2021 10:46:32 GMT )
Mar 28, 2021 15:46 Asia/Ashgabat
  • Sanaa: Ýemeniň nebit ýataklary Saud Arabystanyň harby bazalaryna öwrüldi

Sanaa döwletiniň nebit ministri basybalyjy Saud Arabystanyň koalisiýasynyň Ýemeniň nebit ýataklaryny we merkezlerini harby bazalara öwrendigini aýtdy.

Al-Maýadiniň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Ýemeniň milli halas ediş hökümetiniň nebit ministri Ahmed Dars Sanada eden çykyşynda Saud Arabystanynyň koalisiýasynyň Ýemeniň nebit pudagyna gözegçiligi ýurdy býudjet serişdeleriniň 75% -inden mahrum etdi diýdi.

Dars şeýle-de Saud Arabystanynyň koalisiýasynyň Ýemene çozmagy netijesinde ýurduň nebit we magdançylyk pudagynda göni we gytaklaýyn zyýanlaryň 45 milliard dollara ýetdi diýmek bilen Ýemen nebitini satmakdan alnan girdeji Saud Arabystanynyň Al-Ahly bankyna geçirildi we basybalyjy duşman bu pullary Ýemen halkyna garşy agressiýa we gabaw üçin sarp edýär diýip yglan etdi.

Ondan öň Ýemeniň nebit kompaniýasy Arap bileleşigi tarapyndan nebit önümlerini daşaýan gämileriň yzygiderli ele salynmagy netijesinde dörän ykdysady ýitgileriň 10 milliard dollardan geçendigini habar berdi.