Hizbullahyň Baş sekretary: Amerika pese gaçýp barýar
Liwanyň Hizbullah hereketiniň Baş sekretary Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Lideriniň aýdanlaryna salgylanyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ozalky ýaly däldigini, eýsem pese gaçýandygyny we Ysraýyl hem hojaýyny ýaly pese gaçmaga we ýykylmaga tarap barýandygyny aýtdy.
Al-Maýadiniň habaryna görä, Liwan Hizbullanyň baş sekretary Seýed Hasan Nasrollah çarşenbe güni agşam Liwanyň musulman alymlary birleşiginiň Ynamdarlar geňeşiniň başlygy Şeýh Al-Kazi Ahmad Al-Zeýniň hormatyna eden çykyşynda, Şeýh Ahmad Al-Zain Palestina meselesini elmydama goldaýardy we Palestina meselesini ýok etmek üçin edilen islendik synanyşyga garşy çykýardy we çydam Palestiniň azat edilmeginiň ýeke-täk umydydyr diýip beýan etdi.
Liwandaky Hizbullahyň Baş sekretary çydam toplumynyň taryhynyň iň kyn we howply tapgyryny geçendigini we howplara garamazdan çynlakaý çäre görendigini we mümkinçiliklerini güýçlendirendigini aýdyp Ysraýyllar çydamyň güýçlenýän güýjünden aladalanýarlar we uruşdan gorkup, urş bieln haýbat atýarlar diýdi.
Liwanyň Hizbullah hereketiniň Baş sekretary şeýle-de Ýemendäki parahatçylyk gepleşikleri barada gürrüň gozgap, Aldawç habar beriş serişdeleri saudlylaryň peýdasyna hereket edip bu ýurdy mazlum görkezmäge we saudlylaryň parahatçylyk isleýändigini ýöne Ansarollah parahatçylygy ret edýändigini görkezmäge synanyşýarlar, Emma Saud Arabystanynyň Ýemendäki söweşi bes etmek baradaky täze meýilnamasy Ýemene garşy täze metbugat urşy başlamakdyr diýip sşzlerine goşdy.
Nasrollah şeýle-de Ýemene garşy söweşiň iki mezhebiň, diýmek şaýylara we sünnülere baglanşykly ýeri ýokdyr diýmek bieln eýsem ABŞ-nyň sebitdäki maksatlaryna we meýilnamalaryna hyzmat edýändigini aýtdy.
Amerikan sionist okunyň elinde galan iň soňky ýarag sebitde pitne turuzmak we mezhep söweşleridir diýip Seýed Hasan Nasrollah aýtdy.