Başar al-Assad resmi taýdan Siriýanyň prezident saýlawlaryna dalaşgär boldy
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i11256-başar_al_assad_resmi_taýdan_siriýanyň_prezident_saýlawlaryna_dalaşgär_boldy
Siriýanyň mejlisiniň başlygy Başar al-Assadyň prezident saýlawlaryna kandidaturasyny yglan etdi diýip habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 21, 2021 12:54 Asia/Ashgabat
  • Başar al-Assad resmi taýdan Siriýanyň prezident saýlawlaryna dalaşgär boldy

Siriýanyň mejlisiniň başlygy Başar al-Assadyň prezident saýlawlaryna kandidaturasyny yglan etdi diýip habar berdi.

Siriýanyň resmi habar gullugynyň (SANA) habar bermegine görä Siriýanyň mejlisiniň başlygy Hamouda Sabbag häzirki prezident Başar al-Assadyň ýakyn wagtda geçiriljek prezident saýlawlaryna resmi taýdan kandidatura bolandygyny habar berdi.

Sabbag, Parlament esasy kanunyň ýokary kazyýeti tarapyndan Başar al-Assadyň Siriýanyň prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin resmi taýdan ýüz tutandygyndan habarly bolandygyny aýdyp, bu onuň Siriýanyň prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin altynjy islegidir diýdi.

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda daşary ýurtlarda ýaşaýan siriýalylar we 2021-nji ýylyň 26-njy maýynda ýurduň içindäki siriýalylar üçin prezident saýlawlary geçiriler.

Siriýanyň prezidentligine dalaşgärleri hasaba almak 19-njy aprelde başlandy we 10 gün dowam eder.