Faýsal al-Makdad: Günbatarlylaryň Siriýadaky saýlawlar barada teswir bermäge hukugy ýok
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i11786-faýsal_al_makdad_günbatarlylaryň_siriýadaky_saýlawlar_barada_teswir_bermäge_hukugy_ýok
Siriýanyň daşary işler ministri günbatarlylaryň bu ýurduň saýlawlary barada düşündiriş bermäge hukuklary ýokdyr diýmek bilen saýlawlara gatnaşmak bilen Siriýanyň halky öz ykbalyny özleri çözjekdiklerini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 27, 2021 11:14 Asia/Ashgabat
  • Faýsal al-Makdad: Günbatarlylaryň Siriýadaky saýlawlar barada teswir bermäge hukugy ýok

Siriýanyň daşary işler ministri günbatarlylaryň bu ýurduň saýlawlary barada düşündiriş bermäge hukuklary ýokdyr diýmek bilen saýlawlara gatnaşmak bilen Siriýanyň halky öz ykbalyny özleri çözjekdiklerini habar berdi.

Siriýanyň resmi habar gullugynyň (SANA) habaryna görä Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Makdad şeýle-de Siriýada geçirilen prezident saýlawy siriýalylaryň erkin we meýletin karar berýändiklerini we sözlerini saýlaw sandyklaryň başynda mälim etýändigini görkezendirler diýdi.

Siriýanyň bu resmisi şeýle-de käbir Günbatar ýurtlarynyň Siriýanyň prezident saýlawlary bilen baglanyşykly beýanatlary olaryň häzirki dünýäde ýaşamaýandyklaryny we hakykatdan düýbünden daşdadygyny görkezýändigini aýtdy.

Siriýanyň prezident saýlawy 26-njy maý, çarşenbe güni ýurduň içinde geçirildi. Bu saýlawlar geçen penşenbe güni Siriýanyň dürli ýurtlardaky ilçihanalarynda geçirildi.