Başar al-Assad: Halkyň saýlawlara gatnaşmagy duşmanlara möhüm sargydy boldy
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad anna güni agşam geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanandan soň telewideniýede beren gürrüňlerinde Siriýanyň halky saýlawlara giňden gatnaşmak arkaly duşmanlara möhüm sargydy berendirler diýdi.
Siriýanyň resmi habar gullugynyň (SANA) habaryna görä Başar al-Assad sözüniň dowamynda Siriýanyň halky bu saýlawda terrorçylyga we watanyň duşmanlaryna garşy hakyky ynkylap etdiler diýip nygtady.
Assad: Bu saýlawyň habary duşmanlara ýetdi we milli borjumyz ýerine ýetirildi diýmek bilen duşmanlar Siriýanyň halkynyň bu saýlawda iberen habaryny äsgermezlik etmek isleýärler diýdi.
Siziň saýlamagyňyz meniň üçin uly hormat we buýsançdyr diýip Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad aýtdy.
Siriýanyň prezidenti bu ýurduň halkyna ýüzlenip: Energiýaňyz ýurduň kuwwatyny üpjün edýär we ony ýeňişe taýýarlaýar diýdi.
Siriýanyň mejlisiniň başlygy Hamouda Sabbag düýn metbugat ýygnagynda 2021-nji ýyldaky prezident saýlawlarynyň netijelerini Başar al-Assadyň saýlawda 95.01 göterim bilen ýeňendigini habar berdi.
Siriýada geçirilen prezident saýlawyna 14 milliondan gowrak siriýaly gatnaşdy, şol saýlawda Başar al-Assad 13,540,360 ses bilen 95.01 göterim ses aldy.