Täjigistanda garybçylyk azaldy
(last modified Mon, 08 Jan 2018 16:05:01 GMT )
Jan 08, 2018 21:05 Asia/Ashgabat
  •  Täjigistanda garybçylyk azaldy

Bütin dünýä banky soňky wagtlarda beren hasabatynda, Täjigistanda güýçli garypçylyk 15,1 göterimden 14 prosente azalandyr diýip yglan etdi

Bütin dünýä banky soňky wagtlarda beren hasabatynda, Täjigistanda güýçli garypçylyk  15,1 göterimden 14 prosente  azalandyr diýip yglan etdi. Bu bankyň beren hasabaty boýunça Täjigistanda garypçylyk 2015-njy ýyldaky  31,3 prosentden 2016-njy ýylda  30,3 göterime azalandyr.şeýle halda  bu ýurtda güýçli garypçylyk  15,1 göterimden 14 göterime ýetendir.giriji gazanmaklygyň  Täjigistanda garypçylygyň azalmagynyň asly sebäbi bolýandygyna üns berilmegi bilen,işleýän göçömen täjikileriň ýurtdan pul çykaryp äkitýänleriň azalmagy,garyp we mätäç bolýan içeri maşgalalaryň köpelmegine sebäp bolýandyr. Bütin dünýä bankynyň   beren hasabatynda şeýlede garypçylyk Täjigistanyň obalarynda 35,5 prosentden 33,5 prosente azalan bolsada emma şäherlerde bu ýagdaý üýtgändäldir we takmynan şol öňki 24 prosentde galandyr diýlip getirlendir.geçirilen bir pikir sorag boýunça ,içeri maşgalalaryň azyklary sarp etmekleri 2017-njy ýylyň ýanwara aýynda takmynan 40 prosent bolandyr,emma bu hasap 2016-njy ýylda 35 prosentdi.durmuşda dünýäň 81 ýurdy ,bütin dünýä bankyň,geografiýalyk bölünüşigi esasynda 5 milýard 200 milýon jemgiýeti bilen bütin dünýä bankyň halkara guranjalarynyň maliýe kömeklerini almak şertlere eýedirler we Täjigistan hem şol ýurtlaryň biridir.şol kömekler bolsa giridijiler az bolýan garyp ýurtlarda okuw işleriň berkidilmegi köpçülikde saglyk goraýyş işler,howaň hapalygynyň azadylmagy,ýaşayýş jaýlaryň gurulmagy.düzedişlikleriň ýerine ýetirilmegi we ösmedik ýurtlaryň ykdysady ýagdaýlaryň oňatlaşdyrylmagy ugurynda harç edilmelidir.şeýle ýagdaýlar Täjigistanda hem bolýandyr.şeýle halda Täjigistan ýaly ýurtlaryň bütin dünýä bank ýaly halkara guranjalardan alan pullaryna üns berilmegi bilen,garypçylyk nyrhyň bir göterim azalmagy ,onçakly göze ilerli bolýandäldir.elbetde merkezi aziýaň garyp jemhurlyklarynyň ösmän galmaklarynyň güýçli bolýanlygyna ser etsek garypçylyk nyrhyň bir göterim azalmagy hem ,Täjigistanyň öz ykdysadyýetyny berkitmegine tarap hereket etmegi ugurundaky umytlaery köpeldip bilýändir.bütin dünýä bankyň soňky wagtlarda beren hasabatynda,Täjigistan  köpçiliginde garypçylyk nyrhyň bir göterim azalmagyny görmezlik edip bilmänliginiň hem şonuň üçin bolan bolmagy mümkindir.şeýlede käbir gurnjalaryň ynamlaryna görä bütin dünýä bank we halkara pul gaznasy ýaly  halkara guranjalaryň tarapyndan käbir ýurtlara maliýe kömekleriň edilmekleri kredit alýan şol ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösmegide göze ilerli täsiri galdyryp bilýändäldir.şu ýerlikde halkara demokratyk düzgüniň ileri gitmegi barada garaşsyz bilermen bolýan Alfered Zaýas ,BMG-nyň umumy ýygnagynda beren hasabatynda ,indiki kredit berilmeginde adam hukuk meselesini görmezlik edip bolmaýar we maliýe kömekleriň edilmeginde adam hukuk meselesine üns berilmegi gereklidir diýip yglan etdi.

 

Tags