Damask: Ykdysady gabaw Günbataryň Siriýanyň halkyna garşy terrorçylyk ýaragydyr
Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal Mikdad Günbataryň ykdysady gabawy Siriýanyň halkyna garşy terror ýaragy hökmünde ulanandygyny aýtdy.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Faýsal Mikdad penşenbe güni Damaskyň terrorçylyga garşy söweşde gazanan üstünlikleriniň Siriýanyň halkyna bolan halkara syýasy Atmosferasyny üýtgedendigini aýtdy.
Ol sözüni dowam etdirip Siriýa çozmagyň esasy maksady syýasy hakykaty üýtgetmekdi; Emma Siriýa meýilnamalaryny puja çykardy diýdi.
Siriýanyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Damaska garşy halkara pozisiýalarynyň üýtgemegi, Siriýanyň halkynyň öz ýurdunyň özygtyýarlylygyny, güýjüni we agzybirligini goramak üçin eden pidakärçilikleriniň netijesidir diýip nygtady.
Faýsal Mikdad Siriýa hiç wagt öz çäginden ýüz öwürmez we Amerikan we Türk basyp alyjy güýçler Siriýanyň çäginden çykmalydyrlar diýdi.