Siriýanyň erkin goşuny Afrin şäherine girdi
Siriýanyň Aleppo welaýatynyň Afrin şäherinde Türkiýäniň amala aşyrýan operasiýalarynyň dowamynda Türkiýäniň hemaýaty astyndaky Siriýanyň erkin goşuny atly ýaragly toparyň agzalary şu gün Afrin şäherine girdiler. Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä düýn Türkiýäniň urş uçarlary Afrin şäheriniň töweregindäki obalary bombaladylar.
bu operasiýalardan maksat P.K.K we DAEŞ toparlaryna bagly terrorçylary ýok etmekdir diýip Ankara döwleti yglan etdi.
şu gün daňdan hem Türkiýäniň urş uçarlary Afrin şäheriniň töweregindäki Siriýanyň kürt güýçleriniň ýerleşen mekanlaryny hüjüm astyna alandyrlar.öten agşam Türkiýäniň daşary işler ministrligi we bu ýurduň goşunynyň baş ştaby Siriýanyň demirgazyk Afrin sebitinde Zeýtun şahasy adynda amala aşyran operasiýalarynyň jikme-jigi barada britaniýa, Fransiýa, Orsýet, Hytaý, Amerika we Eýran ýurtlaryna hasabat berendirler.