Lawrow ABŞ-nyň Siriýadaky harby güýçleriniň bikanun bolmagyny aýtdy
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i14900-lawrow_abŞ_nyň_siriýadaky_harby_güýçleriniň_bikanun_bolmagyny_aýtdy
Orsýetiň daşary işler ministri ABŞ-nyň goşunynyň Siriýada bolmagyny bikanun diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 23, 2021 12:05 Asia/Ashgabat
  • Lawrow ABŞ-nyň Siriýadaky harby güýçleriniň bikanun bolmagyny aýtdy

Orsýetiň daşary işler ministri ABŞ-nyň goşunynyň Siriýada bolmagyny bikanun diýip atlandyrdy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow telewideniýede beren interwýusynda ABŞ-nyň Siriýadaky harby güýçleriniň bolmagyny bikanun diýip atlandyrmak bilen Waşington öz güýçlerini Siriýadan çykarmalydyr diýdi sebäbi bu güýçler Siriýanyň durnuklylygyna howp salmakdan başga-da, halkynyň ätiýaçlyklaryny talaýarlar diýip nygtady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary, şol sanda Türkiýe birnäçe aý bäri terrorçy toparlara garşy göreşmek bahanasy bilen Siriýanyň hökümetiniň rugsady bolmazdan bu ýurtda bikanun harby güýçleri bardyr.

Damask hökümeti ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň Siriýadaky hereketleriniň "basyp alyş" bolandygyny birnäçe gezek nygtady.

Siriýadaky krizis 2011-nji ýylda Türkiýe, Saud Arabystany, ABŞ we olaryň ýaranlary tarapyndan goldanýan terrorçylyk toparlarynyň sebitleýin deňlemäni Sionist regiminiň peýdasyna üýtgetmek maksady bilen başlandy.