Başar Assad tutuş Siriýanyň terrorçylardan arassalanmagyny nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i159-başar_assad_tutuş_siriýanyň_terrorçylardan_arassalanmagyny_nygtady
Siriýanyň prezidenti Başar Assad tutuş Siriýanyň terrorçylardan arassalamýança bu ýurduň harbylarynyň hereketlerini dowam etdirjekdiklerini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 08, 2017 15:36 Asia/Ashgabat
  • Başar Assad tutuş Siriýanyň terrorçylardan arassalanmagyny nygtady

Siriýanyň prezidenti Başar Assad tutuş Siriýanyň terrorçylardan arassalamýança bu ýurduň harbylarynyň hereketlerini dowam etdirjekdiklerini yglan etdi.

şu gün Başar Assad Siriýanyň paýtagty Damaskda Arap milletçileriň konferensiýasynda beren gürrüňlerinde Siriýanyň harbylarynyň bu ýurduň dürli kümjeklerini terrorçylardan arassalamak işlerine dowam etdirjekdiklerini aýdyp Siriýanyň esgerleri Idlip welaýatynda terrorçylaryň garşysynda agyr urşy başdan geçirmelidirler diýip nygtap geçdi.

Siriýanyň harbylary şu wagta çenli ýurduň 80 göterimini terrorçylardan arassalap kontrol astyna alandyrlar diýdi.

ol şeýle-de Siriýanyň esgerleri bu ýurduň Idlip welaýatynda türk harbylary hemde Jibhatonnosra toparynyň agzalary bilen urşmaga mejbur boljakdyrlar diýip beýan etdi.

Damask döwletinden rugsat almazdan Siriýa giren daşary ýurt harbylaryň hereketi Siriýa topragyny basyp almagy manysyndadyr diýip Başar Assad sözüne goşdy.