Nasrollah: Palestina halky göreşde ýeňilmez
Liwanyň Hizbullah hereketiniň baş sekretary Seýid Hasan Nasrollah Sionist duşmana ýüzlenip, palestinalylaryň söweşlerinde ýeňilmejekdigini aýtdy.
Al-Maýadin teleýaýlymynyň habaryna görä, Liwanyň Hizbullah hereketiniň Baş sekretary duşenbe güni agşam Liwanda we sebitde bolup geçen soňky wakalary barada beren gürrüňlerinde egerde Palestina halkynyň näumytlygyna bil baglan bolsaňyz we araplaryň resmi dönükleriniň palestinaly ýaşlaryň yza çekilmegine sebäp bolar öýdýän bolsaňyz, gaty ýalňyşýandyrsyňz diýip beýan etdi.
Nasrollah şeýle-de, Palestinde bolup geçýän wakalaryň basyp alyjylara garşy göreşde we Sionist režiminiň geljeginde uly netijeleriň boljakdygyny aýtdy.
Liwandaky Hizbullahyň Baş sekretary çykyşynyň başga bir böleginde 1996-njy ýylda garşylyk bilen sionist režimiň arasyndaky söweş barada durup geçdi we çydam güýçleriň asuda ilata garşy agressiýa garşy deňlemäni kesgitlemegi başarandygyny aýtdy.
Nasrallah Liwanda geçiriljek parlament saýlawlary barada beren gürrüňlerinde hem indiki saýlawlaryň, ähli toparlaryň gatnaşjak hakyky we demokratik halk saýlawy boljakdygyny aýtdy.