BMG: "Gazada hassahanalar goralmalydyr" diýdi
(last modified Tue, 31 Oct 2023 15:11:48 GMT )
Oct 31, 2023 20:11 Asia/Ashgabat
  • BMG:

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Gazadaky hassahanalaryň goralmalydygyny, çaknyşyklar üçin ulanylmaly däldigini belledi

 BMG-nyň metbugat geňeşçisi Stefan Dýužarrik gündelik metbugat ýygnagynda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň baş müdüri Tedros Adhanom Gebreýesusyň Gazadaky çaknyşyklar zolagynda hasshanalaryň boşadylmagynyň keselli adamlara zyýan ýetirmeden mümkin däldigini aýdandygyny, Baş sekretaryň hem şol sözleriň arkasyndadygyny beýan etdi. 

"Baş sekretar hassahanalaryň nyşana alynmagyna garşy durýar. Hassahanalar goralmaly" diýip aýdan Stefan Dýužarrik hassahanalaryň çaknyşyklar üçin ulanylmaly däldigini, hassahanadaky adamlaryň goralmagynyň zerurdygyny habar berdi. 

Stefan Dýužarrik BMG-nyň Gazada ynsanperwelik ýaraşyk bilen bagly çagyryşlaryny dowam etdirjekdigini we bu ugurda tagalla etmäge dowam etjekdigini mälim etdi. 

Palestinanyň habarlar agentligi WAFA Gazanyň demirgazyk-gündogaryndaky Indoneziýa hassahanasynyň, Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan dolandyrylýan Kudus hassahanasynyň, Gaza Ýewropa hassahanasynyň we Türkiye-Palestina Dostluk hassahanasynyň Ysraýyl tarapyndan nyşana alynandygyny beýan edipdi. 

BMG-niň Ýakyn Gündogardaky palestinaly bosgunlara goldaw we abadanlaşdyryş gullugynyň Baş komissary Filipp Lazzarini Gaza Sektorynda 3 hepdeden bäri dowam edýän Ysraýylyň hüjümlerinde öldürilenleriň 79 göteriminiň çagalardan we zenanlardan ybaratdygyny beýan etdi.

Lazzarini Ýakyn Gündogardaky ýagdaýty ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilen BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Gaza hakynda çykyş etdi.

Ysraýyl režimiň hüjümlerine garşy Gazada howpsuz ýeriň ýokdugyny nygtan Lazzarini, Gazada soňky üç hepdede öldürilenler hakynda “Olaryň tas 70 göterimi çagalardan we zenanlardan ybarat” diýdi.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji direktory Ketrin Russel bolsa Gazada Ysraýylyň hüjümleri sebäpli häzirki wagtda çenli 3,400-den gowrak çaganyň pida bolandygyny, 6,300-den gowrak çaganyň bolsa ýaralanandygyny ünsi çekdi.

Russel; “Ol, Gazada her gün 420-den gowrak çaganyň öldürilýändigini ýa-da ýaralanýandygyny aňladýar. Bu görkeziji ählimizi ýüligimize çenli sarsdyrmaly” diýdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi hem 7-26-njy oktýabryň aralygynda Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde şehitleriň atlarynyň, şahsy maglumatlarynyň we ýaşlarynyň 212 sahypalyk sanawyny çap etdi.

Sanawa görä 7-26-njy oktýabryň aralygynda Ysraýylyň hüjümlerinde ölen 7,028 adamyň 2,913 sanysy çagalardan ybarat.

Ysraýylyň hüjümlerinde 1 ýaşyna ýetmedik 133 bäbek, 1 ýaşyndaky 153, 2 ýaşyndaky 158 bäbek jemi 444 bäbek pida boldy.

Ysraýylyň bombaly hüjümlerinde 3 ýaşly 171, başlangyç synp çagyndaky (4-13 ýaş) 1527, orta mekdep çagyndaky (14-17 ýaş) 523 çaga pida boldy.

Hüjümlerde şehit bolanlaryň 2,262 sanysy zenanlardan ybarat bolup, 60 ýaşdan ýokarda bolan 462 raýat şehit edildi.