Howpsuzlyk Geňeşiniň Gaza hakdaky karary
Howpsuzlyk Geňeşinde Gaza hakda kararyň kabul edilmegi zerur, ýöne ýeterlik däl ädimdir.
BMG Howpsuzlyk Geňeşi 22-nji dekabrda, Gaza zolagynda ot açyşlygy bes etmegi, we bu zolaga kömegini artdyrmak barada karar kabul etdi. Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik iki agzasy bolan Amerika we Russiýa bu karara ses bermekden saklandylar. Beýleki 13 agza bu karar bilen ylalaşdy.
BAE-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili tassyklanan karary düşündirip: "BAE tarapyndan berlen kararda Gaza ynsanperwer kömegini artdyrmak we Gaza zolagyna ynsanperwer kömeginiň gelmegini ýeňilleşdirmek üçin gumanitar koordinator bellenilmegi talap edilýär. "
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýanyň bu rezolýusiýanyň tekstine "duşmançylygy derrew we hemişelik bes etmek" maddasyny goşmak baradaky haýyşyny weto goýdy. Moskwa Waşingtonyň bu hereketini Palestina halkynyň Ysraýyl tarapyndan öldürilmegini üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna laýyk gelýändugunu aýtdy. Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Wasiliý Nebenzia: "Waşington Ysraýyl tarapyndan palestinaly raýatlary öldürmek ygtyýarnamasyny goşmak üçin erbet oýun oýnaýar" -diýdi.
Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyny ret etmek bilen, Sionist režimiň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Gilad Erdan BMG-nyň Gaza kömek mehanizmlerine ünsi jemlemegiň zerur däldigini we hakykatdan daşdadygyny toslady.
Munuň tersine, Palestina Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Gazadaky kararyny konfliktleri bes etmek we Gazadaky gumanitar krizisi çözmek üçin "ýeterlik däl ädim" diýip häsiýetlendirdi. Hamas Howpsuzlyk Geňeşiniň "Gaza zolagynyň ähli sebitlerine, esasanam demirgazyk sebitlerine ýeterlik mukdarda ynsanperwer kömeginiň gelmegini üpjün etmek" borjunyň bardygyny mälim etdi. Hamas topary Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyna çagyrylmalydygyny aýtdy. Palestina Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) şeýle-de Ysraýylyň Gaza zolagynda alyp barýan harby operasiýalaryny derrew togtatmakda bu kararyň täsirli bolmagyny
Bu kararyň tassyklanmagy, ses berişlik soňky günlerde dört gezek yza süýşürilen mahaly bolup geçdi. Netijede, Amerikanyň wekili anna güni täze seredilen tekste ses bermäge taýýardygyny aýtdy. Sionistleriň 7-nji oktýabrda Gaza zolagyna hüjümleri başlaly bäri, Waşington sionist režimiň tarapyndan Gaza zolagynyň bombalanmagyny doly goldaýar