Riýad ýygnagynyň beýanynda Gaza söweşini bes etmegiň zerurdygy nygtaldy
(last modified Fri, 09 Feb 2024 10:21:25 GMT )
Feb 09, 2024 15:21 Asia/Ashgabat

Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda geçirilen ýygnakda bäş arap döwletiniň daşary işler ministrleri Gaza zolagynda söweşi bes etmegiň we ýaraşyk şertnamasyna ýetmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, geçen penşenbe güni geçirilen bu ýygnakda Saud Arabystanynyň, Kataryň, BAE-nyň, Müsüriň we Iordaniýanyň daşary işler ministrleri şeýle-de Palestina azat ediş guramasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň sekretary "Huseýn Al-Şeýh" gatnaşdylar.

Bu maslahatynda bäş arap döwletiniň daşary işler ministrleri ynsanperwer kömeginiň Gaza zolagyna girmegine päsgel berýän ähli çäklendirmeleriň ýatyrylmagyny islediler.

Şeýle hem bu ýygnaga gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlary üçin kömek we iş gullugyna (UNRWA) goldaw berýändiklerini mälim etdiler we ähli goldawçylaryndan bosgunlar babatdaky rollaryny ýerine ýetirmegini islediler.

Sionist režimi Günbatar ýurtlarynyň doly goldawy bilen 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagynda we Günbatar Şeriýada Palestinanyň goragsyz we ezilen halkyna garşy köpçülikleýin gyrgynçylygy ýola berip gelýär we Sionist režimiň jenaýatlary barada halkara jemgyýetçiliginiň we adam hukuklary guramalarynyň dymmagy, bu bikanun režimiň söweş enjamy bilen palestinaly aýallaryň we çagalaryň öldürilmeginiň dowam etmegine sebäp boldy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi soňky statistikalarynda Gaza zolagynda sionist režimiň agressiýasy sebäpli palestinaly şehitleriň sanynyň takmynan 28 müň adama ýetendigini habar berdi.