Ysraýyl režiminiň hüjümlerinde 28 müň 775 palestinaly öldürildi
Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde 12 müň 300-i çaga, 8 müň 400-i zenan bolmak bilen 28 müň 775 palestinaly öldürildi, 68 müň 552 adam hem ýaralandy.
Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde 12 müň 300-i çaga, 8 müň 400-i zenan bolmak bilen 28 müň 775 palestinaly öldürildi, 68 müň 552 adam hem ýaralandy.
Harabalyklaryň aşagynda müňlerçe jesediň bardygy aýdylýar.
Ysraýyl, hüjümlerden gaçan palestinalylaryň bolýan hassahanalaryny we mekdeplerini nyşana almaga dowam edýär.
Beýleki tarapdan Halkara Žurnalistler federassiýasy, Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde žurnalistleriň öldürilmegini ýazgardy.
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna degişli ynsanperwer kömeginiň Gaza Sektoryndaky Nasyr hassahanasyna 50 metr galanda kömegiň ýolbaşçylara gowşurylmagyny bökdändigi nygtaldy.
ÝB, Ysraýylyň Refah şäherine guraýan hüjümlerinden ýüz öwürmegi üçin çagyryş berdi.
BMG hem Gazadaky ýagdaýyň gün saýyn agyrlaşýandygy barada duýduryş berdi.
Şeýle-de Ak Tamdan berilen beýanata görä, Baýden we Netnýahu telefon söhbetdeşliginde Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky ýesir çalşygy bilen bagly gepleşikleri maslahatlaşdylar.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bolsa ähli ýesirleriň mümkin bolan iň gysga möhletde azat edilmegi üçin tagalla etjekdiklerini beýan etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ysraýylyň Rafah şäherine asuda ilatyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen bagly ygtybarly we durmuşa geçirip boljak meýilnama bolmazdan hüjüm etmeli däldigini aýtdy.
Gaza guran hüjümleri we basyp alyşlygy bilen on müňlerçe palestinalyny şehit eden Ysraýyl, sebitiň demirgazyk we orta zolagyndaky ilatyň agramly bölegini Müsür serhediniň golaýyndaky Rafah şäherine göçmäge mejbur edipdi.
Ysraýyl hüjümleriň dowamynda demirgazykda ýaşaýanlar üçin howpsuz diýip yglan eden günorta sebitini hem gury ýerden basyp almak we ilaty ol ýerden zor bilen çykarmak isleýär.
Rafah şäherinde 1 million 400 müň töweregi palestinalynyň ýaşaýandygy çak edilýär.
Halkara jemgyýet Ysraýyla Rafaha garşy gurajak giňişleýin hüjümiň täze we uly tragediýa sebäp boljakdygy barada duýduryş berýär.
Ysraýylyň goşuny Gaza zolagyna 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde takmynan 29 müň palestinaly pida boldy.