Sionist režimi tarapyndan Gazadaky kömek kerwenleriniň bilkastlaýyn bombalanmagynyň tankytlanmagy
Birleşen Milletler Guramasy, Sionist režimi tarapyndan Gazadaky kömek kerwenleriniň bilkastlaýyn bombalanmagyny tankytlady.
BMG-nyň azyk işleri boýunça ýörite hasabatçysy öz çykyşynda Ysraýyl goşunynyň öz ýollaryny bilýändigine garamazdan Gazadaky gumanitar kerwenleri bilkastlaýyn bombalaýandygyny belläp Palestinalylara garşy aç-açan döretvqr diýdi. BMG-nyň azyk işleri boýunça ýörite hasabatçysy şeýle-de Halkara kararlaryny äsgermezlik edenligi üçin we Gazada söweş jenaýatlary üçin Ysraýyla garşy sanksiýalary talap etdi. BMG-nyň jogapkäriniň , Palestinalylara kömek kerwenlerine bilkastlaýyn edilen hüjümleri baradaky tankydy Gazanyň uruşynyň altynjy aýynyň öňüsyrasynda Gazanyň ezilen halkynyň gaty aýylganç ýagdaýyny ýene bir gezek ýatladýar. ABŞ, Tel Awiwiň iň möhüm goldawçysy hökmünde soňky birnäçe aýyň içinde Tel Awiw-a giň syýasy, ykdysady, harby we ýarag kömegi berendir .Ysraýyl režimiň Adamzada garşy hereketlriniň bir tarapy, Gazanyň halkynyň bilkastlaýyn açlygydyr. Ysraýylyň Gaza garşy uruşyndan öň Gazanyň ilatynyň azyndan dörtden bir bölegi açdy we açlyk howpy astyndady, indi bu ýagdaý hasam erbetleşdi we köp çagalar açlyk sebäpli öldiler.
Şunuň bilen baglylykda, garyplyga garşy göreşmek üçin halkara haýyr-sahawat guramasy bolan Oxfam kömek kerwenlerini Ysraýyl goşunynyň nyşana almagy Gazadaky azyk howpsuzlygy krizisini agyrlaşdyrýandir. Sionist güýçler kömek güýçlerine garşydir. Oksfamyň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, wagtyň geçmegi bilen Gazadaky ýagdaý agyr we gyssagly açlyk howpunyň öňüni almak üçin ot açyşlygy bes etmek zerurdyr.
Gaza zolagynda ýüze çykan aýylganç ýagdaýa garamazdan, Sionist režimiň Gazanyň halkyna has köp basyş etmegi, şol sanda bomba partlamalaryny güýçlendirmek we bu sebitiň ezilen halkyny öldürmek bilen çäklenmeýär.ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Gaza garşy goşa syýasatyny dowam etdirip, Ysraýylyň Gaza söweşinde has köp wagtyň gerekdigini aýtdy. Ak tamyň ýokary wezipeli adamlaryndan Jon Kerbi metbugat ýygnagynda Ysraýylyň özüni gorap biljekdigini we ýesirler barada ylalaşyga gelmegini üpjün etmek üçin Ysraýyl bilen işleşjekdigimizi mälim etdi.
Bu aralykda, pikir soralyşyklar Amerikalylaryň 52 göteriminiň öz hökümetiniň Ysraýyla ýarag ibermegini bes etmegini isleýändigini görkezýär.
Amerikan syýasatçylarynyň arasynda Baýden administrasiýasynyň Gaza söweşine bolan çemeleşmesini tankytlamak hem artdy.