Bütindünýä Kuds güni hakda
(last modified Sun, 31 Mar 2024 21:50:36 GMT )
Apr 01, 2024 02:50 Asia/Ashgabat
  • Bütindünýä Kuds güni hakda

Bütindünýä Kuds güni, bütin dünýädäki musulmanlaryň Palestina halky bilen raýdaşlygyny yglan etmek üçin ýygnanşygydyr.

Şu ýyl Halkara Kuds güni, Gazadaky wakalar sebäpli dürli ýurtlardaky musulmanlar üçin dünýäniň dürli şäherlerinde bolmagy we palestina halky bilen raýdaşlygy görkezmek we Sionist režiminiň jenaýatlaryny oňlamaýandyklaryny mälim etmek üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýandyr.

Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyryjy Hezretleri Ymam Homeýni (RA) mukaddes Remezan aýynyň soňky anna gününi Palestinadaky wakalara dünýäniň, esasanam musulmanlaryň ünsüni çekmek üçin Halkara Kuds güni diýip atlandyrdylar. Dünýädäki musulmanlar her ýyl mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni dürli şäherlerde palestina halkyna goldaw berýändiklerini mälim etmek we sionist režimiň jenaýatlaryny ýazgarmak üçin köçelere çykýarlar.

Palestina söweşiji toparlarynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Al-Aksa tupany operasiýasy başlanandan soň; Sionist režumi, Gaza garşy jenaýatlaryny we öldürmelerini dowam etdirýär, Bu ýagdaýda Sionistleriň jenaýatlaryna garşy durmak we Halkara Gazadaky wakalara dünýäniň ünsüni çekmek üçin Halkara Kuds gününi geçirmek möhümdir.

Günbatar ýurtlaryndaky syýasy aktiwistler we Palestina tarapdar raýat toparlary Bütindünýä Kuds gününde köp adam gatnaşmaga taýýarlyklaryny we meýilnamalaryny yglan etdiler. Yslam derejesinde, Palestina goldaw bermek üçin dürli gatlaklaryň arasynda giň ylalaşyk we duýgudaşlyk boldy we Gazadaky wakalara görä Yslam ýurtlarynda Bütindünýä Kuds Gününiň ýörişi bolar diýlip garaşylýar.Yslam Eýranyň halky we dürli guramalar Bütindünýä Kuds güni ýörişine hemişeki ýaly gatnaşmagy meýilleşdirdiler.

Liwanyň "Hizbullah" Hereketiniň baş sekretary Seýid Hasan Nasrallah, anna güni agşam Şab al-Kadr mynasybetli eden çykyşynda Bütindünýä Kuds gününe giňden gatnaşmaga çagyrp,Meýdan we syýasy ösüşler Bütindünýä Kuds gününiň bir bölegi bolar diýdiler.

 Taryhy taýdan, Bütindünýä Kuds gününiň uly dabarasy musulmanlaryň Palestindäki wakalar barada oýanmagynyň we habardarlygynyň nyşanydyr. Gazadaky wakalar we Sionist režimiň jenaýatlary, şu ýylky Bütindünýä Kuds gününde köp adamyň gatnaşmagynyň ähmiýetini iki esse artdyrýar, sebäbi bu Gazadaky jenaýatlary edenleri we olaryň günbatar tarapdarlary ýazgarmaga gowy pursatdyr.