Ysraýyl režimiň guran hüjüminde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygynyň çagalarynyň şehit bolmaklary
(last modified Thu, 11 Apr 2024 16:09:17 GMT )
Apr 11, 2024 21:09 Asia/Ashgabat
  • Ysraýyl režimiň guran hüjüminde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygynyň çagalarynyň şehit bolmaklary

Ysraýyl režimiň guran hüjüminde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygynyň çagalary we agtyklary şehit boldy.

Beýleki tarapdan Ismail Heniýýeniň ogullarynyň we agtyklarynyň bolan ulaga Ysraýylyň guran hüjüminden soň beren beýanaty Al Jazeera telewideniýe kanalynda görkezildi

Ysraýylyň Gaza şäheriniň günbataryndaky Aş-Şati bosgun düşelgesinde hereket edýän ulaglaryň birini nyşana alyp hüjüm guramagy netijesinde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýeniň 3 ogly we 4 agtygy şehit boldy. 

Şaýatlar tarapyndan berilen berilen maglumata görä Ysraýyl Oraza baýramy mynasybetli Aş-Şati bosgun düşelgesiniň ýaşaýjylaryny we ýakynlaryny gutlamaga giden  Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýeniň maşgalasyndan ençeme adamyň bolan ulagy nyşana aldy. 

Hamas tarapyndan berilen beýanatda, Ismail Heniýýeniň maşgalasynyň, çadyr düşelgäniň ýaşaýjylarynyň we ýakynlarynyň baýramlaryny gutlamaga barmak üçin ulanan ulaglarynyň nyşana alynmagy netijesinde ulagyň içindäki adamlaryň ählisiniň ýa şehit bolandygy ýa-da ýaralanandygy mälim edildi. 

Beýanatda Oraza baýramynyň ilkinji güni Şati bosgun düşelgesinde "hyýanatçylykly we gorkaklyk" bilen guralan hüjümde, Ismail Heniýýeniň Hazym, Emir we Muhammed atly ogullary bilen Muna, Amal, Halid we Rezzan atly agtyklarynyň şehit bolandygy aýan edildi. 

Bular ýaly görnüşli hüjümleriň Hamasyň we Palestinanyň halkynyň garşylyk güýjüniň ygtyýaryny döwmegiň hötdesinden gelip bilmejekdigi, diňe olaryň göreşindäki tutanýerliligini artdyrjakdygy habar berildi. 

Beýleki tarapdan Ismail Heniýýeniň Ysraýylyň ogullarynyň we agtyklarynyň bolan ulaga guran hüjüminden soň beren beýanaty Al Jazeera telewideniýe kanalynda görkezildi. 

Hamasyň lideri: "Çagalarymyň şehit bolmagy sebäpli Alla şükür edýärin" diýip aýdyp: "Çagalarym Gazada galdylar we Gazany terk etmediler. Ähli halkymyz çagalarynyň ganlary bilen uly baha töleýär. Men hem şolaryň biridirin" diýip belledi. 

Ysraýylyň liderleriň çagalaryny nyşana alyp palestinalylaryň tutanýerliligini döwjekdigini pikir edýändigini, emma şol dökülen ganyň Palestina topragy bilen bagly tutanýerliligini artdyrjakdygyny aýdan Ismail Heniýýe: "Maşgalamyň 60-a golaý agzasy söweşde şehit boldy we olar bilen halkymyzyň arasynda hiç hili tapawut ýok. Ýitgilerimiz näçe köp bolsa bolsun, Ysraýylyň edýän şantažlaryna boýun egmeris, egilşik etmeris" diýip habar berdi. 

Emma,Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 188 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi. 

Beýanatda Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 63 palestinalynyň pida bolandygy, 45 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde pida bolan palestinalylaryň sany 33 müň 545 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 76 müň 94 adama ýetdi. 

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda pida bolan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýyl režiminiň esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 


 

 

Tags